SÖHBETDEŞLIK

Atageldi Garýagdyýew: Owazy dünýä dolan operaçy

Opera  sungaty soňky döwürde täze üstünliklere ýetip, täze operaçylar ösüp kemala gelýär. Ökde operaçylary, aýdymçylary, sazandalary taýýarlamakda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýän mugallymlaryň aýratyn hyzmaty uludyr. Bizem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin şol konserwatoriýanyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi GARÝAGDYÝEW bilen söhbetdeş bolduk.

Hormatly Atageldi aga, çakylygymyzy kabul edip, söhbetdeşlik etmek üçin redaksiýamyza gelendigiňize köp sag boluň! Söhbetdeşligimizi Siziň opera sungatyna geliş taryhyňyz baradaky söhbetden başlaýalyň…

Meniň opera bolan höwesim 18-20 ýaş töwerekleri başlady. Opera aýtmaga başlamazymdan öň halk aýdymlaryny aýdýardym. Biziň obamyzda ir döwürler dürli festiwallar geçerdi. Şol festiwallarda türkmen halk aýdymlaryny, kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny aýdyp, toýlara gatnaşardym. Mekdebe gatnan döwürlerimde hem bu söýgi dowam etdi. Şol döwürlerde Daňatar Öwezowyň, Weli Muhadowyň, Nury Halmämmedowyň aýdymlaryny radiodan diňläp, özümçe ýerine ýetirerdim. Ine, şol aýdymlara bolan söýgim “uly ýola” gitmegime itergi berdi. Şol wagtlar Nury Halmämmedowyň sazlaryny diňläp, kinolaryny görýärdim. “Aýgytly ädim”, “Şükür bagşy”, “Aýal bagşy” ýaly aýdymly kinolary aýratyn gowy görüp tomaşa edýärdim. Şeýlelikde, men orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebine okuwa geldim. Ol ýerde akademiki ses bilen aýdym aýtmaga ýykgyn edip başladym. Şol mekdepde men Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” atly aýdymyny ýerine ýetirip, Nury Halmämmedowyň özi bilen tanyşdym we ömrüniň iň soňky gününe çenli dostlukly aragatnaşygymyzy dowam etdirdik. Nury Halmämmedow meni Gurbannazar Ezizow bilen tanyşdyrdy. Şeýlelikde, biz üçimiz bilelikde birnäçe eserleri döredip ugradyk. Şol döreden aýdymlarymyz şu günlerimize çenli söýlüp diňlenilýän aýdymlara öwrülip, radioýaýlymlarda we teleýaýlymlarda ýaňlanmagyna dowam edýär.

Şeýdip, men 1972-nji ýylda sazçylyk mekdebini tamamlap, Moskwanyň Çaýkowski adyndaky konserwatoriýasyna okuwa girdim. Ol döwürlerde kinolaryň sazlary Moskwa barlyp, Moskwanyň uly orkestrlary bilen bilelikde ýazylýardy. Nury Halmämmedow hem tiz-tizden Moskwa barardy. Biz bilelikde şol ýerde uly orkestrlar bilen täze aýdymlary ýazgy ederdik. Ýazgylarymyzy hem Aşgabada ibererdik. Şol ýazgylar hem radioda we teleýaýlymda ýaňlanýardy. Ondan soň 1980-nji ýylda konserwatoriýany tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldim. Aşgabada gelip Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynda işe başladym. Ol ýerde Daňatar Öwezowyň “Leýli-Mejnun”, “Şasenem-Garyp”, Weli Muhadowyň “Zöhre-Tahyr” operalarynda we beýlekilerde opera aýdyp ugradym. Şol wagtlarda teatrymyzda daşary ýurtlaryň (italýan, fransuz, rus we beýleki ýurtlaryň) hem operalary hem goýlardy. Ondan soň meni 1983-nji ýylda gaýtadan Moskwanyň “Uly teatrynda” stažirowka (kämilleşiş kursuna) çagyrdylar. Ol ýerde hem 2 ýyl işläp, dürli operalary ýerine ýetirdim, ökde mugallymlar bilen işleşip, sesimi türgenleşdirdim. Ondan soň ýene-de Aşgabada dolanyp geldim. 1991-nji ýylda Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň Aşgabatda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry açyldy. Menem şol teatra işe geçdim. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň täze döwrüň operalaryny ýerine ýetirip ugradyk. Ýaş we zehinli operaçylar bilen bilelikde her bir toýa, baýramçylyga täze operalar bilen gelip çykyş ederdik. Häzirki günlerde hem her ýyl täze opera bilen toýlarymyzy, baýramçylyklarymyzy garşy alýarys.

Ine, häzirki wagtda hem professorlyk derejesi bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory hökmünde işleýärin.

Siziň pikiriňizçe, türkmen operasynyň esasy maksady näme?

Türkmen operasynyň esasy maksady biziň ähli milliligimizi operanyň üsti bilen dünýä tanatmak bolup durýar.

Siz ozal häzirki meşhurlygyňyza ýetjekdigiňizi oýlapdyňyzmy?

Ýok. Asyl men meşhurlyk hakynda pikir hem etmändim. Men diňe halypalarym Nury Halmämmedowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Maýa Kulyýewanyň, Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdanlary bilen bolup, şolardan köp zatlary öwrendim. Meniň häzirki derejä ýetmegimde şolaryň maňa beren maslahatlary, üstümde çeken zähmetleri sebäp boldy. Şol sebäpden meniň olara bolan minnetdarlygymyň çägi ýok.

Bilşimiz ýaly, şu ýyl Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşikde Siz ýeňiji bolmagy başaryp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna – ýeňil awtoulaga mynasyp bolduňyz. Siz şol pursatlarda nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

Hawa. Üstümizdäki ýylda gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk şanly toýy uly dabara bilen, şatlyk-şowhun bilen bellenip geçildi. Şol dabaralaryň çäginde meniň “Aşgabat” atly aýdymym ýeňiji hökmünde saýlandy. Men muňa örän begendim. Hormatly Prezidentimiz meni Şa serpaýy bilen sylaglanynda dünýäler meniňki ýaly boldy. Şol pursatda özümi dünýädäki iň bagtly adam duýdum.

Men “Aşgabat” aýdymymy köp ýyllardan bäri ýerine ýetirip gelýärin. Onuň sözleri häzirki gözel Aşgabada gabat gelýär.

Sungat ýoly nähili ýol?

Sungatdan geçýän ýol, elbetde, aňsat däl. Sungat ýolunda ýöremek üçin zehin bolmaly. Zehini hem Allatagala berýär. Ondan soň sesiň, kompozitorlyk ukybyň, ylmyň bolmaly. Galyberse-de, sungatda ýol alyp bilmek üçin gaty köp zähmet çekmeli, öz üstüňde, sesiň üstünde dynuwsyz işlemeli.

Siz operadan başga haýsy hünäre höwes etdiňiz?

Men çaga wagtym surat çekýärdim, surat çekmegi halaýardym. Şol çagalykdan mende surat çekmäge höwesim uludy. Ýöne, käbir ýagdaýlar sebäpli ony goýbolsun etmeli boldum.

Siziň ylham çeşmäňiz näme?

Beýik aýdymçylary, operaçylary diňläp ýöne oturyp bolanok. Men ýaş wagtlarymda radioda aýdym aýdýan Annaberdi Atdanow, Öwezgeldi Tekäýew ýaly ussatlary diňläp, şolara höwes edýärdim. Şolaryň ýerine ýetiren aýdymlary, opera bolan söýgim meni ylhamlandyrdy, ylhamlandyrýaram.

Siz kynçylyklaryň üstesinden nädip geldiňiz?

Men çagalykdan kynçylyga köp duçar boldum. Men 13 ýaşymdakam kakam ýogaldy. Biz 6 dogan bolup ýetim galdyk. Şolaryň içinde hem iň ulusy men. Hem inilerime, hem ejeme öz elimden gelen kömegi etjek bolýardym. Meniň içimde bolsa, aýdym aýtmaga uly höwes bar. Emma garyndaşlarymyz, goňşularymyz meni äsgermezçilik etjek bolýardylar. Şonuň ýaly kynçylyklaryň üstesinden gelmek üçin sabyr etdim, Hudaýa bil bagladym.

Sungat Size näme öwretdi?

Sungat maňa hemme zady öwretdi. Durmuşda nähili ýaşamaly, durmuşda näme gerek, näme gerek däl, haýsy derejelerde nämeleri goýmagy, nämäni kabul etmegi, nämäni kabul etmeli däldigini – bularyň ählisini maňa sungat öwretdi. Durmuş örän çylşyrymly. Sungat şol çylşyrymlylykda dogry ýoly tapmagy öwretdi.

Durmuşda puşman bolan wagtlaryňyz boldumy?

Durmuşda goýberen ýalňyşlyklaryma puşman edýärin. Emma şol ýalňyşlar adamy kämilleşdirýän eken.

Durmuşda eden arzuwlaryňyza ýetdiňizmi?

Men arzuwlaryň çägi ýok diýip hasaplaýaryn. Adam arzuw etmäni goýdugy onuň gutardygy diýmekdir. Adam ömri ötýänçä arzuwda ýaşamaly. Adam hemişe beýiklige, täze arzuwlara ymtylyp ýaşaýar. Meniň pikirimçe, adamyň iň uly arzuwy – ýaşan ömründe gazanan mertebesini, abraýyny ömrüniň soňuna çenli saklap bilmegi.

Sungatda mertebäňi nähili goramaly?

Elbetde, erkek adam üçin mertebe iň esasy zat hasaplanýar. Erkek mertebeli bolmasa, ol hiç kim bolýar. Erkek adam hemişe mertebesini gorap, ony beýgeldip, mertebesini ýitirmän beýge ymtylyp gezmeli. Mertebe Allatagalanyň islegi bilen gazanylýar. Esasy zat şony saklamagy başarmaly. Durmuşda iň kyn zat – mertebäňi saklamak diýip hasaplaýaryn.

Mertebe gazanmaga üstünlik hem täsir edýärmi?

Üstünlik täsir edýän adamsyna täsir edýär. Ol hemme kişä hem täsir edip baranok. Durmuşda gaty kän adam gazanan üstünligini, abraýyny saklap bilmän, ony göterip bilmän orta ýola ýetmänkäler “ýitip” gidýärler. Ony saklamak üçin häsiýetiň, adamkärçiligiň güýçli bolmaly. Näçe beýik bolsaň, şonça päliň pes bolmaly. Badyhowalyga berlip, başgalary özüňden pes görmeli däl. Dynuwsyz zähmet çekmeli.

Sizi näme gaharlandyrýar?

Men kän gaharjaň adam däl. Ýöne, medeniýetsiz, edep-terbiýesiz, ahlaksyz adamlara çydamok. Şolar meni gaharlandyrýar diýip bilerin. Şonuň ýaly adamlara jemgyýetde kabul hem edilmeýär. Adam ölýänçä özüne erk edip, özüni terbiýeläp gezmeli.

Onda näme begendirýär?

Çagalarymyň, agtyklarymyň, maşgalamyň arasynda bolmak begendirýär.

Durmuşda üýtgetmek isleýän zadyňyz barmy?

Meniň pikirimçe, durmuşy üýtgedip bolmaýar, özüň üýtgemeli. Özüňi durmuşa uýgunlaşdyrmaly, düzmeli. Durmuşda ähli zat özüňe bagly. Durmuşda özüň bolup ýaşamak – seniň iň beýik eseriň.

Tankyt bilen araňyz nähili?

Döredijilik adamsyna, medeniýet, sungat işgärine tankyt hökman gerek. Türkmen halkynda “Çekeleşmän bekleşmez” diýen nakyl bar. Tankyt adamyň kämilleşmegine goşant goşýar. Men tankytlanmagy halaýaryn. Menem özümi elmydama tankytlaýaryn.

 Siziň söýüp ýerine ýetirýän aýdymyňyz barmy?

Men her bir täze aýdymy söýüp ýerine ýetirýärin. Ony gowy çykanyny bolsa, halk çözýär, halk şoňa baha berýär.

Sizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyran eserler haýsylar?

Daňatar Hydyrow, Rejep Rejepow, Nury Halmämmedow, Aman Agajykow ýaly kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny her gezekde ýürekden ýerine ýetirýärin. Şolaryň döreden eserlerinden çykyp bolanok. Dünýä derejesinde bolsa, Mosartyň, Werdiniň, Bethoweniň eserleri mende uly täsir galdyrýar. Men şolaryň döreden eserlerini estetikanyň çür depesi hasaplaýaryn.

Ýaş aýdymçylara, operaçylara Siziň nähili maslahatlaryňyz, arzuwlaryňyz bar?

Ilkinji nobatda, olara üstünlik, öňdäki goýan ähli maksatlaryna ýetmeklerini arzuw edýärin. Onuň üçinem örän kän zähmet gerek. Zähmet çekmekden hiç wagt ýadamaly däl. Sungatda üstünlige ýetmek üçinem yhlasyň güýçli bolmaly. Belent ariýalary, belent eserleri aýtmak üçin seniň yhlasyň olardanam belent bolmaly. Şeýdibem öz halkyňy, eseriňi beýgeltmeli.

Siziň geljekde nähili meýilnamalaryňyz bar?

Geljekdäki meýilnamalarym gaty köp. Nesip bolsa, kompozitorlaryň romanslaryny, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Keminäniň sözlerine türkmen kompozitorlarynyň ýazan eserlerini gaýtadan, täzeçe görnüşde halka ýetirmegi maksat edinýärin.

Durmuşdan razysyňyzmy?

Durmuşdan müňlerçe esse razy. Hudaýa şükür Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtly durmuşyň hözirini maşgalamyz bolup, çagajyklarym, agtyklarym bilen görýäris.

Bize şeýle eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga mümkinçilik berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyň, hoşallygymyň çägi ýok. Hormatly Prezidentimize öz ýürekden çykýan sag bolsunlarymy aýdýaryn. Ýetip gelen 2022-nji ýyl bilenem milli Liderimizi, şeýle hem bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, Täze ýyl her bir ojaga, her bir maşgala agzybirlik, bereket alyp gelsin!

Atageldi aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Bizem Sizi Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Ýetip gelen Täze 2022-nji ýyl siziň durmuşyňyzda, maşgalaňyzda ýatdan çykmajak düşümli ýyllaryň biri bolsun!

 

Söhbetdeş bolan

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

 

Orazgül Gurdowa: “Teatr – bu meniň durmuşym”

 

Selbi Kakanowa: Gözellik dünýäsi durmuş ýörelgäm

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda