ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Aşyrpur Meredow: Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginiň awtory

Edebiýatçy alym Aşyrpur Meredow agam Aşyrberdi Kürt bilen gowy gatnaşýardy. Agamyň Aşyrpur aga bilen: «Eýrandaky obaňyz ýerindemi? Tamaranyň özüni alyp barşy talabalaýykmy?» diýip hal-ahwal soraşýany ýadymda. Ikisem şeýle agras adamlardy, ýöne özara gürrüňdeş bolanlarynda degşip-gülşüp gürleşerdiler. Aşyrpur agany ilkinji gezek 1990-njy ýylda ýüzbe-ýüz gördüm. Ýoldaşym bilen agamyň öýünde ýaşaýardyk. Agam bolsa, öýde işlemäge şerti bolmansoň, köplenç redaksiýadaky iş otagynda bolýardy. Bir gün ol «Jennet» bazaryndan oduk-buduk satyn alyp, «Gel-de, äkit» diýip iş ýerinden jaň etdi. Barsam, Aşyr kakamyň ýanynda Aşyrpur aga-da bar eken. Men üç-dört sumkany göterip, gaýtjak boldum welin, Aşyrpur aga:

— Atdaş! Jigiňize munça sumka agyr bolaýmasyn! Birinji gata düşýänçä kömekleşäýeýin! – diýip ýüzlendi. Aşyr kakam:

— Aý, ýok. Taňry ýalkasyn. Jigim koptorgyň sübsesi ýalam bolsa, siziň ýaly asfaltda ösen däl — diýdi. Şonda Aşyrpur aganyň owadan keşbi bilen ýylgyryp durşy olaryň bir-birlerine bolan uly hormatyny düşündirdi. Ýatan ýerleri ýagty,  jaýlary jennet bolsun! Agam dünýeden gaýdanda, Aşyrpur aga alym Nazar Gullaýew bilen agamyň hemme belli günlerine gatnaşypdy. Ikisem özboluşly geýnüwli, syratly, görmegeý, dogum donly ýöräp gelişleri üýtgeşik adamlardy. Belent adamkärçiligi, juda sowatlylygy daş keşplerine kybap, gözi kaklyşanyň bada-bat ünsüni egläp, «Daglaryň arslany-şiri ýaly» diýdirýärdi. Agam bularyň ikisiniňem ylahy zehinine, öte sowatlylygyna, adamkärçiligine uly sarpa goýýardy. Bir-birleriniň begenjini, gynanjyny paýlaşyp dogan ýalydylar. Türkmençilik däplerinde bakyýete göç edeniň aşy berilýär. Bir gün ýoldaşym ýolda Aşyrpur aga sataşýar. Saglyk-amanlykdan soň ol: «Ýagdaýyňyz bolsa, atdaşyň aşyny beräýseňiz gowy boljak» diýip maslahat beripdir. Onuň maslahaty bilen agamyň aşyny berdik. Şonda Aşyrpur aga tebärek çykyp aýat okap bolýar welin, obamyzdaky gözi batyl molla — Nazar aga: «Ýaňky  tebärek çykyp aýat okan kişi nireden geldi, arap dilinden öte sowatly eken» diýip gapdalynda oturanlardan sorapdyr. Nazar aga Aşyrpur aganyň arap dilini bilşi hakynda soň-soňlaram ýatlardy.

Aşyrpur aga barada şunuň ýaly ýatlama pursatlar az däl. Agam pensiýadaka-da köplenç ýoldaşyma: «Bar, şuny Atdaşa eltip gel» diýip kagyz bukjada nämedir bir zatlar ýazyp ibererdi. Aşyrpur aganyň iberen kagyz bukjasynam alyp gel» diýerdi. Garran mahallary bolansoň, belki, bir-birleri bilen hat üsti arkaly habar alşandyrlar bilmedik, gyzyklanmandyrys. 

Aşyrpur aga ýogalanda ýalňyşmasam ýedisi güni aýatyna bardyk. Şonda onuň aýaly: «Nury agaň şu kitabyny Akgül jan saňa sowgat berýärin. Tamara daýzaň» diýen ýazgy bilen Aşyrpur Meredowyň Sapar Ahally bilen ýazan «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi» kitabyny berdi. Aşyrpur aganyň bir adynyň Nurydygyny şonda bildim. Arap, pars, gadymy türki sözleri we taryhy-legendar, mifologiýa, geografik atlary hem-de klassyky Gündogar poeziýasynyň käbir terminlerini öz içine alýan şol sözlügi her gezek elime alanymda bir zada gynanýan. Aýatda bar wagtlary hiç biri bilen surata-da düşmändiris, olaryň täsirli gürrüňleri hakynda-da içgin gyzyklanmandyrys. Şonda aýatda oturan zenanlaryň biri maňa Aşyrpur aganyň  hossarlarynyň biridir öýtdümi, başymdan sypap: «Balam, dünýeden perzentsiz ötdi diýmesek, Aşyrpur aganyň abraýynyň, ýaşynyň kemi ýokdur. Imany hemra bolsun!» diýip göwünlik berdi. Men welin alymyň ýaşy hakda-da, perzentsizligi hakda-da pikir edemokdym. Diňe türkmeniň juda sowatly zehinleriniň ýene biriniň aramyzdan gidendigine gynanyp otyrdym. Şonda Tamara daýza ýanynda oturan zenanlara: «Bu gelin Nurynyň jan ýaly dostlarynyň biri Aşyrberdi Kürtüň jigisi, Akgül» diýip, soňra-da  «Ynha, bular maşgalamyz bolup saçakly gatnaşýan alymlarymyzyň maşgalalary» diýip olary ýekän-ýekän atlandyryp tanyşdyrdy. Tamara daýzanyň ýene bir gürrüňi ýadymda galdy. Ol aýatda otyrkak: «Nurynyň guburynyň baş ujunda goýuljak ýadygärlik ýazga: «Bir gerdeniňde Azady, bir gerdeniňde Pyragy, alymsyň Aşyrpur!» diýen ýazgy ýazdyrdym. Özem ýogalaly bäri her gün baryp onuň guburynyň üstüni sübseläp, arassalap gaýdýan» diýdi. Onuň şol sözleri her gezek öýüniň deňinden geçenimde ýadyma düşýär.

Arada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşyrpur Meredowyň taýýarlan «Magtymgulynyň düşündirişli sözlügini» gözden geçirip otyrdym. Halypa kitaphanaçy Akjemal Saparowa: «Aşyrpur aganyň aýaly Tamara Abdyllaýewna bilen bile işledik. Dogumly, adamkärçilikli, eden işini birkemsiz berjaý edýän zenandy. Kitaphananyň iň ynamdar işgäridi. Bu diýdigim kitaphana işinde katalog düzmek hemmä ynanylmaýar. Her kitabyň haýsy ugra degişlidigini saýlap, senesini, haýsy neşirde çap bolanyny, awtoryny anyk, dogry tertip boýunça doldurmak aňsat iş däl. Eger katalogda ýalňyşlyk bolsa, onda okyjylaryň hyzmatyny talabalaýyk berjaý etmek kyn düşýär. Tamara daýza işine berlen halypady. Aşyrpur aganyň garrap ýarawsyzlyk tapan wagty oňa göz-gulak bolar ýaly, Tamara daýza öý şertinde işlemek mümkinçiligi döredildi. Şol wagtlar ýaş işgärdim. Şonda kitaphanadan doldurylmaly kataloglary Tamara daýzalaň öýüne eltip berýärdim, soňra taýýar bolansoňam alyp gaýdýardym. Öýleriniň diwary kitapdan gurlan ýalydy. Bir gezek baranymda ol meni Aşyrpur aga bilen tanyşdyrdy. Ol: «Nury, ynha, şu işgärim Ümür Eseniň gyzy, tanyş bol!» diýdi. Aşyrpur aga gaty agras adam bolsa-da, mylaýym ýylgyryp: «Ümür Eseniň gyzy bolsaň geç gapdalymda otur, bir käse çaý içeli» diýip mähir bilen garşy aldy. Kakam hakynda kän öwgüli sözler aýtdy. Ýaş bolamsoň, çekinip bir agyz gürlemän oturyp gaýtdym. Soň iş bilen öýlerine kän bardym. Bir gezek baranymda-da ol «Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginiň» ikinji tomuny ýadygärlik ýazgy bilen gol goýup kakama sowgat iberdi. Şol kitaby öý arhiwimde bar.

Aşyrpur aga ýogalanda işgärler bolup belli günlerine-de gatnaşdyk. Soň Tamara daýza pensiýa çykdy. Bir zada hemişe gynanýan. Tamara daýza ýarawsyz ýatyrka soramaga bardym. Ol şonda: «Men bakyýete göç edäýsem, kärdeşlerimiň ýekejesem galman gelsinler. Meni soňky ýoluma üýşüp ugradaweriň!» diýip sargyt etdi. Belki, ýaşlyk edendirin, belki-de çagalarymyz ýaş bolup başagaýrak bolandyryn, bilmedim. Tamara daýzanyň haçan ýogalanyny, nähili ýerlenenini eşitmän galdyk. Indi her gezek Aşyrpur aganyň kitaplaryna gözüm düşse-de Tamara daýzanyň bitmedik şol sargydynyň özi bilen gidendigi ýadyma düşýär. Öz ýanymdan «ogulsyz-gyzsyz dünýeden öten naçaryň uly ynam bilen aýdan sargydyny bitirip bilmedik» diýip ökünýän. Sizden bir haýyşym bar. Eger Aşyrpur Meredow hakynda bir zatlar ýazsaňyz, kitaphanamyzyň arhiwinde Tamara daýzanyň suraty bar. Şol suratyny makalaňyzda ýerleşdirseňiz ýadygärlik galar» diýip gürrüň berdi. Onuň gözlerini ýaşlap aýdan bu gürrüňi diýseň täsir etdi. Öýe gelemsoň öýdäkilere-de gürrüň berdim. Ýoldaşym: «Aşyrpur aga ýogalanda belli gününe bile bardyg-a. Ýadyňa düşenokmy, şonda eýranly garyndaşlary Tamara daýza hossar bolar ýaly ýakynlarymyzdan öýüne adam goýýas» diýdiler. Belki, häzirem onuň öýünde dogan-garyndaşlaryndan bar bolmagy mümkin. Arhiw suratlary bolsa alyp gaýdarys» diýdi. Onsoň iki-üç hepdelikde onuň ýaşan öýüne gitdik. Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgüniň golaýynda ýaşaýardylar. Baryp üç-dört öýüň gapysyny kakdyk. Ahyry bir özüm ýaly deň-duşrak türkmen zenany rus dilinde gürläp gapyny açdy. Ol: «Tamara daýza-da, Aşyrpur aga-da bir mahal ýogaldy. Öýüni ýegenine berdiler, ýöne ol hem biraz ýaşansoň öýi satyp gitdi. Indi bu töwerekde Aşyrpur agalar bilen ýaşan goňşulardan menden başga ýokdur. Ählisi diýen ýaly jaýyny çalşyp, ýerine ýaş maşgalalar göçüp geldiler» diýip düşündirdi. Ol ýerden hiç hili işimiz bitmänsoň, alymyň işlän ýerlerine ýüz tutmaly bolduk.

Birden Aşyrpur aganyň aýatda bar wagty agam hakynda ýadygärlik ýazyp beren elýazmasy ýadyma düşdi. Käbir maglumatlary anyklamak üçin şol ýazgyny gaýtadan okap çykdym. Ol şeýle: Aşyrpur Meredow:

«Onuň asyl ady Aşyrberdi Gurdowdy. Biz onuň bilen 1947-nji ýyldan bäri tanyş. Şol ýyllarda biz Aşgabadyň Pedinstitutynda (soň uniwersitet boldy) bir kursda bile okaýardyk. Biziň kursumyzda ol iň kiçimizdi. Klas ýolbaşçymyz Ahmedow Aşyrdy. Ol hemmämizden uludy. Ählimiz  oňa Ahmet aga diýerdik. Ol hatda akademik Pygam Azymowyň-da ýaşlykda mugallymy bolan eken.

Şol ýyllarda biz alty oglan bolup Eýrandan Aşgabada gelipdik. Hemmämiz institutda okaýardyk. Şol alty oglanyň hemmesi Aşyrberdi bile okaýardyk. Olar soň alym bolup ýetişdiler, ylmy işleri ýazyp çap etdirdiler, ylymlaryň doktory, kandidatlary, käbiri döwlet baýragynyň eýesi boldular.

Biz Eýranda halk (Tude) partiýasynyň agzasydyk. Eýranyň şa režimi tarapyndan yzarlandyk, köp agzalar tytylyp asyldylar.

Biz Türkmenistana baş pena sorap geldik. Bizi oňat garşyladylar. Degişli barlagdan soň okuwa ýerleşdirdiler. Şol wagtda merhum Şaja Batyrow SK-nyň sekretarydy, ol bizi ýanyna çagyryp nesihat, kömek berdi. Soň Akademiýada prezident bolanda-da bizi gözden salmaýardy. Okuw ýyllarynda, soňlar-da biz Aşyrberdi bilen dogan ýaly gatnaşykdadyk. Ol maňa parslaryň aýdyşy ýaly «Emu» diýerdi. «Emu» diýmek «aga» diýmekdir. Ýyllar geçdi, Aşyrberdi ilki Marynyň  peduçilişesinde mugallym bolup işleýärkä, birnäçe gezek onuň ýanyna barypdym. Ýyllar geçdi, Aşgabat, Moskwa şäherlerinde-de birnäçe ýyl bile bolduk.

Näme üçin Aşyrberdi Kürt lakamyny ulandy?

Biz Eýrandan gelen alty oglan türkmeniň ýomut, gökleň taýpasyndandyk, ýöne ol wagtlar bizde häzirki ýaly düşünje ýokdy, taýpa tapawudyny bilenimiz ýokdy. Emma bize käbir adamlar kürtler diýýärdiler. Merhum Nurmyrat Esenmyradow, Sadap Babaýewa dagy hususanda bize ýarym degişmä salyp «kürtler» diýerdiler. Olar şol wagt aspirantdylar. Aşyrberdi-de hemişe biz bilen gatnaşykda bolany sebäpli, soňlar özüne «Kürt» lakamyny kabul edip aldy. Diýmek, onuň bu lakamy biz bilen belli derejede baglanyşygy bardyr. (Aşyrberdi kakamyň kakasynyň ady Berdimyrat. Ol garaýagyz bolany üçin garry atamyz Saparguly aga «Kürtüm-kürtüm» diýip söýgülär eken. Şol sebäpden Berdimyrat kakamyň ady Kürt bolup galypdyr. Belki, şu sebäpden Kürt lakamy ýörgünli bolandyr, bilmedim.)

Aşyrberdi mert ýigitdi, belli derejede gyňyrlygy bardy, dogruçyl we ýüz görmezekdi, diýjegini, öz pikirini çekinmän, kim bolsa-da, aýdyp bilýän ýigitdi. Men onuň bilen metbugatda-da hyzmatdaşlyk ederdim. Ol Moskwada aspirant bolup okaýarka, men-de şol ýerdedim. Pospredde iki ýyla golaý bir jaýda ýaşadyk. Onuň ylmy ýolbaşçysy Sewortýandy. Ol Aşyrberdiden köp bilmekligi talap ederdi, oňa köp zat öwrederdi. Netijede öz wagtynda dissertasiýa goramasa-da, Aşyrberdi kandidatlardan-da köp bilýärdi. Ol ökde terjimeçi-de bolup ýetişdi. Soň-soňlar «Kürt» lakamy bilen köp ajaýyp çeper ýumoreskalary-da ýazyp ýadygär galdyrdy.

Aşyrberdi bile pedinstitutda okaýan mahalymyza bolelinlikde ýaşamadyk bolsa-da, okuwy gutarandan soň özbaşdak oňat ýaşaýardy, emma öýlenip maşgala gurmakdan saklanýardy. Soň Moskwada bolan ýyllary bir ors gyzyna öýlendi, ol gyz himiýa ylymlarynyň kandidatydy. Ondan ýalňyşmasam, iki ogly-da bolmalydyr. (Aždar bilen Turan)

Aşyrberdi bilen köp wakalaryň şaýady bolduk, ylaýta-da Moskwada bolan mahalymyz. Hemme ýagdaýlarda aga-ini ýaly bolup ýaşadyk. Aşyrberdiniň meniň kalbymda orny bar, ony men asla unudyp bijek däl, unutmak hem islämok!»

Aşyrpur aganyň şu elýazmasyna salgylanyp, ol barada käbir maglumatlary bildim. Onsoň öňürti onuň terjimehaly bilen gyzyklandyk. Agzybirlikde işleşseň işiň ýeňilleşýär. Ýardam berenlere köp sag bolsun aýdýan.

 Aşyrpur Nurmämmet Meret ogly 1923-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň Gürgen welaýatynyň Kümüşdepe şäherinde dünýä inýär we şol ýerde-de başlangyç bilimi döwlet guramaçylygyndaky ýola goýlan ilkinji Kümüşdepe mekdebinde tamamlaýar. Ol Gürgeniň mugallymçylyk mekdebinde okap, şol ýerde-de ilki mugallym soňra mekdep müdiri bolup işleýär. 1940-1946-njy ýyllar aralygynda raýon bölüminiň orunbasary bolupdyr. Aşyrpur Meredow EÝR-nyň halk partiýasynyň hem-de  Türkmensähradaky oblast komitetiniň agzasy, «Neda-ýe Gorgan» («Türkmen sesi») gazetiniň türkmen bölüminiň redaktory wezipelerinde-de işläpdir. 1946-njy ýylda Aşgabatdaky häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär we ony 1950-nji ýylda ýokary bahalar bilen üstünlikli tamamlaýar. Ol 1956-njy ýylda TSSR Ylymlar Akademiýasynda aspirantura okuwa girýär we «Satiriki şahyr Kemine» atly kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1954-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynyň redaktory wezipesinde, 1956-njy ýyldan bolsa TSSR YA-nyň Dil we edebiýat institutynda uly ylmy işgär wezipesinde işleýär. Bu işiniň gapdalyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde iki ýyl mugallymçylyk edýär. Ol 1979-njy ýyldan Eýran Yslam Respublikasyna iş bilen ýollanylýar.

Alym Meredow ömrüniň köp bölegini türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenmeklige bagyş edýär. Ol elmydama edebiýaty öwreniş ylmynyň dogruçyl beýan edilmeginiň tarapdary bolup çykyş etdi. Alymyň birnäçe ylmy-tankydy işleri türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen nusgawy edebiýaty we onuň görnükli wekilleriniň ömri-döredijiligi barada köp ajaýyp işleri bitirdi. Zehinli alym Meredow «Satirki şahyr Kemine» (1958), «Şeýdaýy. (Derňewler we tekstler)» (1964),  «Seljuklar döwrüniň edebiýatynyň taryhy» (1968), «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi» (S.Ahally bilen bilelikde) (1988), «Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi» (1997) ýaly kitaplaryň we sözlükleriň, şeýle-de ençeme ylmy makalalaryň awtorydyr. Aşyrpur Meredow Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijiligi, şahyryň goşgularynyň many-mazmuny barada dürli ýyllarda özüniň ylmy garaýyşly makalalary bilen metbugat sahypalarynda çykyş etdi. Meredow «Magtymgulynyň düşündurişli sözlügi» atly üç tomluk kitaby neşire taýýarlap, ony 1997-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Gonbed Kabus (Kümmetkowus) şäherinde çap etdirýär.

Görnükli alym Aşyrpur Meredow türkmen edebiýatynyň Orta asyrlar taryhyny öwrenmek boýunça bitiren ägirt uly hyzmatlary üçin, TSSR-iň Ylym we tehnika boýunça döwlet baýragy bilen sylaglandy. Alym Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dösenti wezipesinde-de işledi. Ol 2009-njy ýylyň 1-nji awgustynda 86 ýaşynyň içinde Aşgabatda aradan çykýar».

Ynha, şeýle giňişleýin maglumaty salgylanan çeşmeleri bilen TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri Gülälek Hangeldiýewadan ýazmaça aldyk.

Edebi çeşme:

  1. Meredow A, Ahally S. Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi. — A.: «Türkmenistan»,1988.
  2. Meredow A. Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi. — Gonbed Kabus, 1997.
  3. Meredow A. Çeşmesi: http://türkmensähra.eu> pdf/
  4. Meredow A. Çeşmesi: muhaz, org>; kitaphana. net> electronic-book/ 1144.

Aşyrpur aga barada maglumat toplamak üçin ýüz tutup baran ýerlerimde onuň halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatyna, şägirtleriniň çäksiz hormat goýýandygyna ýene bir ýola göz ýetirdik. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri Rahmanberdi Godarow şeýle gürrüň berdi.

— Halypa Aşypur Meredow bilen gojalan wagty bile işleşmek miýesser etdi. Ol halkymyza miras galdyran «Magtymgulynyň düşündirişli sözlügini»  garran wagtynda ýazdy. Men häzir onuň yzyny dowam etdirýärin. Diňe G harpy worda geçirip ýazanymyzda öňki ýazylan 37 sahypa boldy. Men entek gutaramok, ýöne häzir 294 sahypa boldy. Ol onuň kemçiligi däl-de, ýeňil-ýelpaý zähmeti bolmadyk şol sözlügi alym garran wagty ýazansoň hemmesine ýetişip bilmedi. Zehinli halypa bize ýol goýup gitdi, biz indi yzyny dowam etdirýäris. Näçe kämilleşenimizde-de Aşyrpur agadan öňe geçip bilmeris, ol bize ýol salgy beren halypa. Ine, Magtymgulydan bir setir mysal:

«Kimdir — ölüp, bir ýyldan soň bilindi,

Dokuz ýüzden dogan nim zürýat nedir?» Şu iki setirde şunuň rowaýatlary ýatyr. Magtymguly Pyragy nämäni aýdypdyr? Muny öwrenmek üçin halkyň arasyndan, folklor bukjalaryndan, gadymy ýazylan kitaplardan, daşary ýurtlardan gözlenip toplanylýan dürli golýazma çeşmelerdäki rowaýatlardan öwrenilip halka many mazmunyny düşündirilýär.

Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady bilen «Adamata bilen duşup» atly aýdyşyk goşgusy bar. 2004-nji ýylda Germaniýa ýörite gözleg iş sapary bilen gidip, şol ýerdäki kitap golýazmalary gözläp ýörkäk, Berlin şäherinde bir kitapda şol goşgynyň

«Şeýtanyň hannas ogludyr,

Adamata bilen duşdy» diýen setirleri bilen bagly rowaýatyna gabat geldim. Ýadymda galdy hem ýazyp aldym, ýöne şol kitaby satyn alyp gaýtmanyma ökünýän. Men pars dilinden türkmençä terjime edýän. Türkmen edebiýatynyň taryhy köp tomluk taýýar şekile geldi, ýöne doly gutarylmadyk. Şonda Fahreddin Gürgenli baradaky bölümçäni kitap edip taýýarladym. Indi şol kitaba täze toplanan  maglumatlary goşup, baýlaşdyryp nesip bolsa kitap edip neşir etdirmekçi, ýöne awtor hökmünde ilki Aşyrpur Meredowyň, soňra öz adymy goýýan. Oňa uly bir goşandym ýok, diňe täze dörän edebiýatlary goşdum. Onda-da goşan maglumatlaryma jogapkärçiligim üçin Aşyrpur aganyň adynyň yzyndan adymy goýdum. Şol kitapda «Wis we Ramin» atly parsça goşgy bilen ýazylan esere Aşyrpur aga şeýle bir gowy analiz beripdir. Men diňe Gürgenliniň  doglan hem dünýeden öten ýyllaryna üýtgetme berdim. Ýaşuly adam, özem öte sowatly bolansoň, Aşyrpur agadan gaty çekinerdik. Ol barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen edebiýaty» kafedrasynyň uly mugallymy, dekanyň ylmy işler boýunça orunbasary, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Araznepes Mämmetjumaýew kän zatlar aýdyp biler» diýip salgy berdi. Araznepes mugallym:

— Ýadyma düşeninden aýdaýyn. 1978-nji ýylda uniwersiteti tamamlamagymyza ýarym aý töweregi wagt galanda işgär ýetmezçiligi sebäpli meni we ýene bir kursdaşym Saparberdi Çaryýew ikimizi Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar sektoryna işe ýolladylar. Bizden bäş-üç gün öň Annagurban Aşyrowy, (ol şo mahal «Ýaş kommunist» gazetinde işleýärdi) hemem Gurbangül Guzyçyýewany kitaphanadan 2-3 aý öň şo ýere işe çagyrypdyrlar. Şonda Aşyrpur aga bilen tanyşdyk. Ol Geldi Nazarow, Abdyrahman Mülkamanow, Muhammetnazar Annamuhammedow, Şamuhammet Gandymow, Ahmet Bekmyradow, Myrat Çaryýew, Amanberdi Nurýagdyýew we başga-da gaty güýçli alymlar bilen işläp ýör eken. Aşyrpur Meredow «Oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwür  edebiýaty» sektorynyň uly ylmy işgäridi. Şol mahallar ol Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserleriniň tankydy tekstini ýazýardy. Aşyrpur aganyň kitaplary kän. «Warka -Gülşat» eseri ýadyma düşýär. Onuň kärdeşi Sapar Ahally bilen ýazan «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi» kitabyndan häzirki güne çenli peýdalanmadyk edebiýatçy ýokdur, bizem, ilem peýdalandy. Bu kitap türkmen edebiýatyny bir basgançak ýokary göteren kitapdyr — diýdi-de: — Aşyrpur aganyň ýanyna uly-uly ýazyjy-şahyrlar gelerdiler. Aşyrberdi Kürtüň ýogalmazyndan bir ýyl öň ýanlary eli hasaly, hasasyna söýenip Aşyrpur aga bilen egin deňläp durany göz öňümde dur. Köplenç Aşyrpur aganyň ýanyna Rahym Esenow, Hudaýberdi Durdyýew dagy gelerdi. Garaz men 2008-nji ýyla çenli işlän döwrümde Aşyrpur aga bilen bagly pursatlaryň şaýady boldum» diýip gürrüň berdi.

Alymlaryň aýdan gürrüňlerinden soň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna gaýtadan  bardym. Sebäbi haýsy bir adamdan sorasam Aşyrpur aganyň nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň eserlerine analiz berşine juda uly baha berdiler. Kärdeşim Atamyrat Şagulyýewiň aýdan gürrüňleri ýadyma düşdi. Ol:

— Aşyrpur Meredow bilen 1992-nji ýylda tanyşdym. Mirasgär halypam Ümür Esen: «Atamyrat, Magtymguly hakynda her haçan sowal ýüze çyksa, hökman Aşyrpur Meredowa ýüz tutgun. Ol ömrüni Magtymgulynyň, Azadynyň döredijiligine bagyşlan alymdyr. Taýýarlaýan «Ýedigen» telegepleşigiň täsirli, gyzykly bolmagyny isleseň, hökman ony gepleşigiňe çagyrgyn. Ol düýpli zatlar hakynda gürrüň berer, ondan kän zatlary öwrenersiň» diýip maslahat berdi. Onsoň men ony gözläp tapdym. Ol şo mahal häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde işleýän eken. Perişde ýaly nurana,  ak saçly, daýaw adam eken. Soň «Ýedigen» telegepleşigimizde birnäçe gezek çykyş etdi. Gepleşikde çykyş edýän myhmanlarymyzy milli lybasda çykyş etdirmek edähedimiz bardy. Aşyrpur aga ilkinji gezek gepleşige gelende ak telpekli, gyrmyzy donly çykyş etdi-de, milli lybasda çykyş etmekligi halapdyr, göwnüne has ýaraýandygyny aýtdy. Häzirem göz öňümde, ol eli tesbili çykyş edipdi. Bir günem oňa Türkmenistanyň Ylym we tehnika boýunça döwlet baýragy berlende jaň edip gutladym. Begendi.

Aşyrpur aga Ýusup aga (Azmun) bilen obadaş, dost, ylmy döredijilik gatnaşykda bolan adam. 2004-nji ýylda Ýusup aga maňa «Magtymgulynyň dostlary» jemgyýetiniň geçirýän Magtymgulynyň günleriniň dabarasyna gatnaşmak üçin çakylyk iberdi. Şonda Angliýa gitjek bolup ýörkäm Aşyrpur aga jaň edip ýanyna çagyrdy. Öýüne barsam ol: «Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginiň» üç tomuny Ýusup aga eltip bermegimi haýyş etdi.Türkmen edebiýaty üçin gaty gymmatly kitaplar. Şol sözlügiň häzirki Magtymguly şa ýolunyň ugrunda Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet merkeziniň dükanynda satylýandygyny eşidip dost oglanlar bilen barsak, kitap eýýäm satylyp gutaran eken. Kitap biziň elipbiýimizde Eýranda çap bolupdyr. Aşyrpur agadan kitap soramaga-da utandyk. Onsoň bir ýerlerden elektron ýazgysyny tapdyk. Angliýa barýarkak göni reýsdäki uçarda alty sagat uçduk. Şonda uçaryň üstünde Aşyrpyr aganyň taýýarlan düşündirişli sözlügini okadym. Şol gezek Magtymgulynyň günleriniň Angliýada guralan dabarasynda Ýusup aga Aşyrpur aganyň sowgat iberen kitaplaryny sergide goýdy. Dabarada Eýranly türkmen doganlarymyz, beýleki daşary ýurtly türkmenler kitap bilen tanşyp gaty uly baha berdiler. Alym sözlük kitaplarynda grammatiki derňewem edipdir. Aşyrpur aga şol sözlükde Magtymgulynyň goşgy setirlerine däne-däne, hoşa-hoşa edip düşündiriş berýär.

Muňa bir mysal. Abdal sözüne düşündiriş berip, soňra goşgy setirlerini mysal getirýär.

«Abdal maňa ebet jamyn sunaly,

Mesjit kaýsy, mährap kaýsy bilmedim.

Abdallardyr çyn peýwesti atamyň.

Kyrk aşyk bar, kyrk abdal,

Her başda bir hyýal bar.

Çilten abdal gider gaýyp galandar»

Aşyrpur aga haýsy tema ýüzlense rowaýatlaryň üsti bilen jikme-jik düşündiriş berýär. Abdallar diýen tire bar. Häzir Daşoguz welaýatynyň Ak depe hem-de Boldumsaz etraplarynda, Stawrapol ülkesinde abdallar tiresiniň wekilleri ýaşaýar.

Belli alym Muhammetnazar Annamuhammedow «Magtymguly gizlin syryň bar içde» kitabynda «Gizlin ärler» diýen temany işlände halypasy Aşyrpur Meredowyň abdallar hakyndaky ylmy işlerini dowam etdirýär — diýip gürrüň berdi.

Aşyrpur aga türkmen, rus, arap, pars, fransuz, türk dillerini bilýän eken, ýöne ol «Türkmen dilini Aşyrberdi Kürt ylmy derejede bilýär» diýýän eken. Atamyrat Şagulyýewiň gürrüňlerinden soňra kitaphana baryp Aşyrpur aga degişli maglumatlary gözledim. Ol «Diýar» žurnalynyň 1998-nji ýylyň 4-nji sanynda «Gymmatly gollanma» atly makala ýazypdyr. Makalasynda:

«Diýaryň» okyjylarynyň ýadynda bolsa, 1993-nji ýylyň ýedinji sanynda «Türkmençe-parsça» diýen sözbaşyly bir gysgajyk makala çap edilipdi. Şonda eýran türkmen alymy we magaryfçysy hormatly ildeşimiz Nurmuhammet Muttakynyň çap etdiren «Ferheng-e Sina» atly türkmençe-parsça sözlügi barada gürrüň gidýärdi. Bu sözlük öz wagtynda okyjylar tarapyndan gowy garşylandy we oňat baha-da eýe boldy. Ýakynda şol awtor özüniň «Ferheng-e Selim» («Selim sözlügi») atlandyrylan ikinji kitabyny ýagny, «Parsça-türkmençe sözlügini okyjylara hödürläpdir. Bu sözlükde öňki höwri ýaly bütin dünýä türkmenleriniň taryhynda ilkinji gezek neşir edilýär» diýip kitaba gowy baha berýär hem-de kitabyň aýratynlyklaryny ýekeje sahypalyk makalasynda jikme-jik düşündirýär. Ol: «Sözlügiň birnäçe aýratynlyklary bar. Birinjiden ilki bilen parsça-türkmençe sanlar, aýlar, türkmen elipbiýi, türkmençe we parsça çalyşmalar we işlikler hakynda maglumat berilýär. Degişli mysallar arkaly düşündirişler ýerleşdirilipdir. Galyberse-de, sözlük, düzmegiň akademik kadasyndan çykyp, awtor köp halatda durnukly söz düzümlerini, aýry-aýry sözlemleri-de kitaba girizipdir. Şular bilen birlikde-de sözlükde taryhy şahsyýetlere, şahyrlara, geografik atlara we dini terminlere-de ep-esli orun berlipdir» diýip şänik döwen ýaly analiz berýär welin, onuň makalasyndanam şu ugurdan iş alyp barýanlara öwrenere zat kän.

Dürli ýyllarda dürli neşirlerde Aşyrpur aganyň makalalary juda kän eken. Özem aýry-aýry temalardan ýazylan düýpli makalalar. «Watan» gazetiniň 1994-nji ýylyň 14-nji iýun sanynda çap bolan «Ata we ogul» atly Magtymguly Pyragy bilen kakasy Döwletmämmet Azadynyň arasyndaky terbiýeçilik ähmiýetli gyzykly makalasyny, «Sowet Türkmenistany» gazetiniň 1959-njy ýylyň 11-nji iýul sanynda çap bolan «Magtymgulynyň golýazmasynyň Daşkent nusgalary» atly makalasyny göçürip aldym. Makalalaryny okap haýran galdym. Ýekeje makalasynyň özüni ýazmak üçin şonça maglumaty nädip öwrendi-kä. Şeýle maglumatlary toplamak, olary ylmy taýdan öwrenmek üçin nähili wagt tapdyka?» diýip oýlandyrýar. Ylahydan berlen ukyp-başarnyk bolmasa munça zatlary bilmek mümkin däl. Ynha, bir mysal, makalamyzda ýokarda-da aýdypdyk. Magtymgulynyň:

«Kimdir- ölüp, bir ýyldan soň bilindi,

Dokuz ýüzden dogan nim zürýat nedir?» diýen setirine gaýtadan dolanalyň. Alym «Magtymgulynyň düşündirişli sözlüginde» 589 sahypa. «nim» (p.ni:m) — ýarym, ýarty, iki bölünen zadyň bir bölegi. Nim zürýat (p-a. Ni:m zorri:ýa:t) — ýarym perzent, maýyp perzent. Magtymguly goşgusyndaky şu setirlerde Süleýman pygamberiň ölşi we maýyp çagasynyň bolandygyny ýatlaýar. «Kuranda» we rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Süleýman pygamber ölenden bir ýyl geçenden soň bilinýär (ser. Süleýman). Onuň dokuz ýüz aýaly bolupdyr, emma oňa ýekeje maýyp çaga nesip edipdir. 777-778 sahypalarda Süleýman pygamber hakynda ýazylan rowaýaty okaýaň welin, Magtymgulynyň ýaňky iki setiriniň manysyna düşünip bolýar. Emma «Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi» üç tomdan ybarat kitap. Nähili agyr zähmet bilen edilen iş. Özem öň ol kitaplar hakynda kän gyzyklanmandyryn. Içgin girişip okap başladym welin, edil çeper eser okan ýaly gyzyklandyrdy. Aşyrpur aga halkymyz üçin hyzmat edip bilipdir. Imany hemra bolsun!

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri