DÜNÝÄ

Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek teklip edildi

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli teklibi öňe sürdi.

Moskwanyň Uly Kreml köşgünde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde Prezident Wladimir Putin: «Russiýa dürli ugurlarda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana ýakyndan ýardam berýär. Türkmen ýaşlarynyň arasynda rus bilimine gyzyklanmalar durnukly ýagdaýda ýokary bolmagynda galýar» diýmek bilen, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek hakyndaky teklibini goldaýandygyny mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragy okaýar. Şolaryň 4 müň 300-den gowragy bolsa býujetiň maliýeleşdirmeginde bilim alýan talyplardyr.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz nobatdaky gepleşikleriň barşynda Türkmenistanda indi 20 ýyl bäri A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň üstünlikli hereket edýändigini göz öňünde tutup, türkmen tarapynyň bu mekdebiň işini has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Prezident Wladimir Putin, öz gezeginde, bu ugurda durmuşa geçiriljek çärelere hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar

Tokayew: “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk başlandy

Türkmenistanyň ilçisi Moldowada birnäçe duşuşyklary geçirdi

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan-Hytaý” welosiped ýörişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy