Aşgabat şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Ol Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Çäre Gyrgyzystanda öňde duran syýahatçylyk möwsüminiň açylmagy mynasybetli guralyp, türkmen syýahatçylaryny Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mekanlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Bu tanyşdyrylyş dabarasyna syýahatçylyk pudagynda iş alyp barýan 66 syýahatçylyk kompaniýasy gatnaşyp, olara Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we ýylyň ähli paslynda syýahat etmek üçin alnyp barylýan ugurlar, şol bir wagtda işjeň dynç almak, sport we lukmançylyk syýahatçylygy barada maglumat berildi.
Dabara gatnaşyjylara Gyrgyzystanda geçiriljek iri syýahatçylyk çäreleri – 2025-nji ýylyň 3-nji maýynda geçiriljek “Syýahatçylyk 2030: Merkezi Aziýa ýeke-täk syýahatçylyk giňişligi: forumy we 3-4-nji iýunda guraljak “Salam Oş-2025” halkara syýahatçylyk sergi-ýarmarkasy barada habar berildi.
Mundan başga-da, täze girizilen wiza düzgünleri barada aýdylyp, onda “Sapar wiza” (J görnüşli) atly täze görnü’li wiza we elektron wiza barada maglumatlar berildi.