JEMGYÝET

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 23-28-nji dekabr aralygynda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda uly şowhunly konsert maksatnamalary guralar. Konsert makstanamalary Aşgabadyň gyşky sport toplumynda geçiriler.

Täze ýylyň öňüsyrasynda Eýranyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň hem-de Tunisiň meşhur aýdymçylary konsert bilen çykyş ederler. 23-nji dekabrda Täze ýyl konsert agşamlary eýranly aýdymçy Emin Raseniň konserti bilen badalga alar.

24-nji dekabrda özbek aýdymçy Osman Nowruzow, 25-nji dekabrda bolsa, belli türk aýdymçysy Murat Boz çykyş eder.

26-njy dekabrda paýtagtymyz Aşgabadyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary üçin tunisli aýdymçy Amani Swissiniň konserti göz öňünde tutulýar.

27-nji dekabrda bolsa, Arsen Şahunsyň konserti meýilleşdirilýär.

Aşgabatdaky Täze ýyl mynasybetli geçirilýän konsert maksatnamalary türk aýdymçy Gülşen Baýraktaryň 28-nji dekabrda geçiriljek konserti bilen tamamlanar.

Konsertler sagat 18:00-da başlaýar we biletler bolsa Aşgabadyň gyşky sport toplumynyň kassalarynda satylýar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awaza forumy: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Gara dilik ― älemiň täsinligi

vepa