JEMGYÝET

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkiýäniň meşhur aýdymçysy Murat Boz Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynda konsert maksatnamasy bilen çykyş eder. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Özüniň dürli aýdymçlary bilen hem Türkiýede hem-de dünýäniň ençeme ýurtlarynda uly meşhurlykdan peýdalanýan Murat Boz Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabadyň ýaşaýjylary hem-de onuň myhmanlary üçin uly şowhunly konserti bilen çykyş eder.

Biletleriň Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň kassalarynda satyljakdygy mälim edildi.

Mundan ozal, Murat Boz 2013-nji ýylda Türkmenistanda konsert maksatnamasy bilen çykyş edipdi.

Related posts

“Rönesans Holding” alternatiw energiýa pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar

Alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Doğalgazdan benzin üreten tesisi test denemelerine başladı

vepa