SIZDEN GELENLER

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Eziz Watanymyz Türkmenistan özüniň höşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýäniň dürli halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek babatda nusgalyk işleri amala aşyrýar.  Biziň ýurdumyz esasy gymmatlyklar bolan şahsyýet, onuň aýrylmaz hukuklary we azatlyklary babatda alada edýän, demokratik jemgyýetiň ösmegine gyzyklanýan döwlet hökmünde dünýä arenasynda özüni tanatdy. Bu ugurda konstruktiw, döredijilikli ýagdaýda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Türkmenistan iri abraýly guramalar, ilkinji nobatda BMG we ÝHHG-da öňe sürlen adamzat gymmatlyklary boýunça alynyp barylýan işler dogrusynda hyzmatdaşlyk etmek babatynda dürli duşuşyklar geçirilýär, wajyp resminamalara gol çekilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir. Her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan taýýarlanylýan hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalary esasynda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde syýasy we howpsuzlyk meselelerine möhüm orun degişlidir. Elbetde, howpsuzlygyň üpjün edilmegi adamlaryň abadançylykda ýaşamagynyň baş şerti bolup durýar, häzirki zaman dünýäsinde her bir döwletiň parahatçylygy üpjün etmek üçin sebit we halkara howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşmagy diýseň zerur bolup durýar. Bu babatda ata Watanymyz Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli bitaraplyk syýasaty we halkara gatnaşyklarynda dost-doganlygy pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirýän işleri bilen, sebitde parahatçyygyň mekanyna öwrülendigini aýratyn bellemegimiz zerurdyr.

Şeýle netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýakynda bolup geçen syýasy waka hem ikitaraplaýyn bähbitlere gönükdirilen işleriň barha giň gerime eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, iýun aýynyň 1-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Duşuşygyň çäklerinde bolsa, hanym Helga Şmit Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.

Ýakyn günlerde açylyp ulanylmaga beriljek Arkadag şäheriniň dünýäniň şeýle uly we abraýly raslamasyna goşulmagy, ýurdumyzda halkyň bähbidi üçin ähli amatlyklaryň döredilýändiginiň, adamzadyň oňyn şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek babatda giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, Arkadag şäheri dünýä boýunça “akylly şäher” diýilip yglan edilip, ýaşamaga iň amatly, asuda, howpsuz şäherleriň biri bolup durýar. Bu ajaýyp, ertekä meňzeş şäheriň Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde ýerleşmegi, onuň arassa dag howasy, ynsan ruhuny göteriji özboluşly ýakymy bu ýerde oňaýly ýaşamak we zähmet çekmek üçin ähli amatlyklayň göz öňünde tutulýandygyny görkezýär. Hut şol sebepli-de, bu ajaýyp, “akylly” şäheriň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy möhüm syýasy we taryhy ähmiýete eýedir.

Adamzadyň, halkyň bähbitlerine, abadan, parahatçylykly ýaşaýşa gönükdirilýän beýik işleriň amala aşyrylýan mekanynda ýaşamagymyz, biz nesilleriň öz Watanymyza bolan söýgimiziň, hormatymyzyň, çäksiz minnetdarlygymyzyň has-da artmagyna ýene-de bir sebäp bolýar. Biz, şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys we janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty