BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

«Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk bejeriş merkezi gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak üçin halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 29-njy maýyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64,44-46-77.

 

Related posts

Serbiýa türkmen buýan köküniň gury ekstrakty iberiler

“GlobalPetrolPrices”: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda

Telekeçilere goldaw we zerur azyk harytlary üçin 300 mln dollar berildi

Leave a Comment