SPORT

Angliýada ýylyň futbolçysy belli boldy

Angliýanyň Professional futbolçylar bileleşigi tarapyndan berilýän ýylyň futbolçysy  baýragyna “Mançester Siti” toparynyň futbolçysy Kewin de Bruýne mynasyp boldy.

Guramanyň beren habaryna görä, 29 ýaşyndaky belgiýaly futbolçy bu baýragy gazanmak ugrunda geçirilen ses berişlikde topardaş ýoldaşlary Ilkaý Gündogandan, Fil Fodenden hem-de Ruben Diaşdan öňse saýlandy. Şeýle hem ol “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly futbolçysy Bruno Fernandesden hem-de “Tottenhem” toparynyň hüjümçisi Garry Keýnden hem ozdurdy.

Şeýlelikde, Kewin de Bruýne 2020-2021-nji möwsümde ýylyň futbolçysy baýragyna mynasyp boldy. Kewin de Bruýne Týeri Anriden hem-de Kristiano Ronaldodan soňra bu baýraga bassyr yzly-yzyna 2 gezke gazanan üçünji futbolçy boldy.

Şeýle hem, ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy baýragyny bolsa “Mançester Siti” toparyndan Fil Foden gazandy.

 

Türkiýe Gara deňizde tebigy gaz goruny tapdy

Related posts

Çempionlar ligasy: “Leipsiz” bilen Iliçiçiň üstünligi

Ata Watan Eserleri

Sport täzelikleri: Aziýa ýaşlar boýunça futbol çempionaty Özbegistanda geçiriler

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň bijeleri çekildi: “Altyn Asyr” “A” toparçada