ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Altymyrat Orazdurdyýew barada… «Şu surat sizde dursun!»

Ol wagtlar «Nesil» gazetinde işleýärdim. (Jaýy jennet bolsun!) Annagül Narlyýewa gazetiň baş redaktorydy. Bir gün ol iş telefonuma jaň edip: «Akgül gelin, eliň boşaşsa, ýanyma gelip git!» diýdi. (Ol maňa hemişe «Akgül gelin» diýip  ýüzlenýärdi.) Dessine gapysyny kakyp ýanyna bardym. Gapdalyndaky oturgyçda oturmagymy mürähet etdi-de, kitap tekjesindäki kagyz bukjany aldy. Ondan haýsydyr bir žurnalyň sahypasynda çap bolan reňkli suraty çykaryp gaýta-gaýta synlady. Soňra-da maňa uzatdy-da: «Şu surat sizde dursun!» diýdi. Suraty elime alyp synlasam SSSR-iň at gazanan sport ussady Altymyrat Orazdurdyýewiň suraty. Suratyň aşak ýüzündäki boşluga owadan hat bilen:

«Ýüregimiň gussasyn,

Ýüregimiň azaryn,

 Jemläp hiç wagt gelmejek

Durnam üçin aglaryn… G. E.» diýip ýazylypdyr.

Söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň bu goşgy setirlerini bada-bat okadymda, Annagül janyň ýüzüne seretdim. Onuň gözleriniň owasy ýaşdan dolup, doňan ýaly bolup otyrdy. Başlyk, bu barada bir zatlar ýazmalymy? — diýip soradym. Ol: — Ýok, ýok, edil häzir ýazmak hökman däl, ýöne şu surat sizde dursun! — diýdi. Iş otagyma gelip esli salym oýlanyp oturdym, soňam öýe gelemsoň, suraty kitap tekjämde goýdum. Ondan bäri ýigrimi ýyla golaý wagt geçipdir. Emma her gezek kitap tekjämi gözden geçirsem şol surat öňümden çykýar. Şan-şöhraty dünýä dolan ştangaçynyň duýgudan dolup duran gözlerine seredenimden ýatlamalar hakydamda aýlanýar. Onuň aýagyndaky ak krasowkasyna elini goýup düşen suratyny synlaýan welin, «Nuryşka» lakamy bilen tanalýan wäşi artist, gysga ömründe halkymyzyň kalbyndan gülküli degişmeleri bilen orun alan Nurmuhammet Nazarowyň: «…hut Alekseýewiň günäsi bilen ýaryşdan galdyrylan Altymyrat jan, Barselonanyň garaňky köçesinden eli bir taý krasowkaly gözi ýaşly barýardy… » diýen sözleri biygtyýar ýadyma düşýär. Birdenem, aslynda şu suraty Annagül jan maňa näme üçin berdikä?— diýip oýlanýan. Belki, ol, «türkmeniň sport abraýyny dünýä dolduran bu ştangaçy hakynda irde-giçde bir zatlar ýazar» diýip ynam edendir. Ýöne Altymyrat hakynda nämeler bilýäň? — diýip öz-özüme sowal berdim. Içimden: «Onuň halkara sport ýaryşlara gatnaşyp dünýäň altyn medallarynyň ençemesini gazanandygyny hemem bary-ýogy 28 ýaşynyň içinde bakyýete göç edendigini bilýän. Bolany, başga subutly zat bilemok. Onda ol hakynda näme ýazarsyň?» diýip oýlandym. «Onuň bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolanlaryň gürrüňini diňlemeli» diýen pikire geldim. Sebäbi ol barada dürli ýyllarda metbugat sahypalarynda çap bolan söhbetdeşlikleriň käbirlerini okapdym.

Özi mirasa öwrülen halypa mirasgär Ümür Eseniň «Maru-Şahu-jahan» gazetiniň 1995-nji ýylyň 27-nji maýynda çap bolan «Gaýrat goýazy gelende…» atly makalasy ýadyma düşýär. Ol şonda: «Şan-şöhraty dünýä doluşyna türkmen topragyna at-abraý äkelen inim Altymyrat jany jenewüt ýaly gaýraty goýazylaryň biri. Köpden bäri onuň bilen ýüzbe-ýüz oturyp, hemsöhbet bolmagyň arzuwynda gezip ýörsemem, herki zadyň wagty-sagady bar diýleni. Tä azaphon aşnalam Amanmuhammet Nepes hem Hangeldi Myrat Kiçi dagy yzlaryna kelte tirkelen ýaly edip, Akýaply Altymyrat Orazdurdyýewlere eltýänçä, tä ýazyjy Amanmuhammet Nepes  özüniň Altymyrat barada ýazan oçerkine meniň baş redaktor bolmagymy ündeýänçä, men üç öwra dünýä çempiony bolsa-da, onuň erjellikden gelip çykýan edermenlige beslenen ömür ulgamyna beletligim diňe daş gulakdandy. Şonda biz Altymyrat inimi trener agasy Orazberdiniň öýünden gözlesegem, ahyry bir duşdaşynyň aýdym-sazly üýşmeleňinden tapdyk. Dogrusyny dogry diýmeli:

 Gerdenleri çiginlek,

Syrdam boýly, eginlek,

Erleň-ýarlaň burunlak,

Gujak ilmez garynlak — ýaly bir äpet pyýada gabatlaşjakdyk welin, gör-ä! Onuň atly türkmen pälwanlarynyňky kysmy syrtlaşyp münäýmeli murtam, ýüzüňe garadygy howuňy basyp, zamanaňy jünnek edýän hyýrsyz sypatam, guşak ýetmez bilem, at maýrar agramam ýok. Akgam pahyr aýtmyşlaýyn bisakgaldan bir ýalyn ýüz ýaş ýigit. Ine, şeýdibem, türkmeniň abraýyny arşa götermek üçin berçawly böwetleri böwsüp gelen Altymyrat jan bilen tanyşdym. Oňa egin deňäp Baýramalynyň pagta arassalaýjy zawodynyň işgärleriniň öňünde çykyş etdik. Ana, şonda jemagatyň oňa, buýsançdyr begenç, söýgüdir guwanç bilen garaýşyny göremde: «Wah, meniň şü kem-köşeligim haçan galarka? Näme üçin Altymyrat inimi zähmetkeşler kollektiwi bilen ýüzbe-ýüzlüge irräk ýetirmedim» diýip özümi günäkärledim…» diýip ýazypdyr hemem makalasynyň üsti bilen Altymyrat Orazdurdyýewiň keşbini çeperlik bilen suratlandyrypdyr. Belki, beýleki makalalarda ol barada başgaçarak maglumatlar bardyr. Kärdeşim Goçnazar Heşdekowam ol barada söhbetdeşlik taýýarlapdy. Gowusy onuň bilen gürleşeýin — diýip jaň etdim. Ol: — Altymyrat bilen ýarym güne golaý öýünde oturyp söhbetdeş bolupdym. Ony öýünden tapmak kyndy. Haçan barsaň, «Ol-a öýde ýok, ýaryşa gitdi», «Bir aý bäri gara berenok», «Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär»… diýen ýalyrak jogaplary eşidýärsiň. Şo gezek welin beýle bolmady. Gapyny onuň özi açdy. Şonda köne tanyşlar ýaly, hal-ahwal soraşyp çaý başynda gürrüňdeş bolduk. Ol barada metbugatda ýazypdym, ýöne häzir haýsy ýylda ýazanym ýadymda däl. Şeýle göwni açyk, sada ýigit eken. Wiý, ýogsa-da şonda onuň maşgala ýagdaýy bilen gyzyklanamda: — Doganlarym Sakarçäge raýonynda ýaşap ýörler. Men bolsa Aşgabatda kwartiramda inim bilen bileje bolýan. Türkmen döwlet bedenterbiýe institutynyň 4-nji kursunda okaýan — diýipdi. Özem şol wagtlar ol Barselonada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýän eken. Indi käbir pursatlar ýadyma düşdi. Söhbetdeş bolup otyrkak birden sagadyna seredip: «Türgenleşikden gijä galyp barýan, bagyşla!» — diýip kellesini tutup, ötünç sorady-da, goş-golamlaryny taýýarlaşdyrmaga durdy.

Men şonda ondan öňki «Älemgoşar» žurnalymyzyň okyjylaryna ýadygärlik ýazgysyny ýazyp bermegi haýyş edipdim. Ol: «Çempion bolmak o diýen aňsadam däl, kynam. Bu diňe seniň özüňe bagly. «Älemgoşar» ähli okyjylaryňa üstünlik we rowaçlyk arzuw edýärin!» diýip gol goýupdy. Öýden çykanymyzda daşarda howa diýseň täsindi. Akja gar daş-töweregi suratkeşlik bilen bezäpdir. Men özümden barha arany açyp barýan Altymyrat Orazdurdyýewiň yzyndan seredip durşuma «Barselona gitseň, öz iliňe Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolup dolanyp gel, Altymyrat!» diýip ak gar ýaly päk günleri arzuw etdim» diýip ýadyna düşen ýatlamalaryny aýtdy. Kitaphanadan onuň şol söhbetdeşligini tapdym. «Çempion bilen söhbet» at bilen 1992-nji ýylda «Älemgoşar» žurnalynyň ikinji sanynda çap bolan eken. Doly okadym. Heşdekow oňa:

— Altymyrat, çempionlaryň çagalygy nähili bolýarka? Beýlekileriňkiden üýtgeşikmikä ýa-da… diýip sowal berýär.

— Göräýmäge hiç hili üýtgeşiklik ýok. Oba, kolhoz meýdany, mekdep-internat… Dogry käbir oglanlaryňkydan tapawutlylykda kakam ýokdy. Ol meniň doglan ýylym 1969-njy ýylda aradan çykypdyr. Çagalygym Sakarçäge raýonynyň Akýap obasynda geçdi. Obam şatlykly, gaýgyly günlerimi deň çekişdi. Göwnüme bolmasa, bileje suwa düşmäge gidýän dostlarym bilen hemişe bile boljak ýalydym. Önüp-ösen mähriban obamy ýat edip giderinem öýdemokdym.Ýedi ýaşym dolansoň ejemiň işleýän Sakarçäge raýonyndaky 5-nji mekdep-internatyna okuwa girdim. Internatda dürli sport kružoklary bardy. Doganlarym agyr atletika bilen meşgullanýardylar. Men basketboly saýladym. Boş wagtlarym ejeme kömekleşýärdim. Kolhoz meýdanyna gidip otag,  ýekeleme ýaly işlerde işleýärdim. Soňra men göreşe gatnap başladym. Belki, bu ugurdan giderdimem. Sebäbi atam, kakam dagy pälwan bolupdyrlar.Ýöne bir gezek şeýle waka boldy, maňa bu kružoga gatnamagy gadagan etdiler. Sebäbi men uruşdym. Hawa, geňirgenip oturmaň, hut şeýle boldy.Ýöne men özümi günäkär edemok. Garagol oglanjyklaryň özleri üstüme süründiler. Boýumy kiçi görendirler-dä. Men diňe gorandym. Şoň üçinem kružoga gaýdyp gelmezligi tabşyrdylar. Eýsem, göwnüňe degip, şarpyk çalyp dursalar, özüňiz näderdiňiz? Islendik çagada-da göwün bar ahyryn: Hawa, şondan soň men agyr atletika kružogyna gatnap başladym. Agyr atletika bilen meşgullanyp başlanymy eşidip ejem: «Endam-janyňy agyrdyp nä gara görgiň, gatnajak bolsaň başga kružok gyt däl-ä» diýip, her gezek türgenleşikden gelemde käýinerdi. Soň öwrenişip gitdi. Ýogsa doganlarymam şol ugur bilen meşgullanýardy, ýöne ejem doganlaryma-da käýeme kemini goýanokdy. Bu ugurdan ilki agam Orazberdi bilen Garýagdy Aşyrowyň elinde tälim aldym. 7-nji klasdan soň, Aşgabada çagyrdylar. Bu ýerdäki sport-internatynda Lew Georgiýewiç Kizner öwretdi. 9-njy klasy tamamlamsoň bolsa häzirki trenerim Brono Sumbatowiç Abramýan meniň bilen türgenleşik işlerini alyp bardy — diýip, beren jogabyndan onuň terjimehaly bilen tanşyp bolýar. Şeýle hem şol söhbetdeşlikde — Ilkinji uly ýeňşiňi haçan we nirede gazandyň? — diýip sowal berlende Gresiýanyň Afiny şäherinde, 1988-nji ýylda. Şonda ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 75 kilogram agramda çykyş edip kümüş medala mynasyp boldum. Soňra ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä we Ýewropa ýaryşlarynda maňa altyn medal gowşurdylar. Ulularyň arasynda-da iki gezek dünýäniň, iki gezegem Ýewropanyň çempiony boldum — diýip gürrüň berýär. Söhbetdeşlik körpeleň žurnaly üçin taýýarlanansoň ştangaçy olara: «Ilki bilen her kim başaraýjak sporty bilen meşgullanmaly. Mysal üçin, basketbol oýnamak üçin uzyn boý gerek, agyr daşlary götermek üçin dykyz göwre hem güýç gerek. Bu zatlardan başga-da sportuň ähli görnüşlerinde diýen ýaly gowy pikirlenip bilmeli. Hawa, hut matematik ýaly akylly-başly pikirlenip bilmeli. Uly ýaryşlarda diňe özüň ýaly güýçlüler gelýär. Olardan üstün çykmak üçin juda köp kelle döwmeli bolýar. Galyberse-de sportda şowlulyk we şowsuzlyk diýen ýalyrak bir zat hem bar. Kä halatlarda şeýle gowy taýýarlanýaň welin, birden edil ýaryşyň öňüsyrasynda bir ýeriňe şikes ýetýär» diýip, sportda gabat gelýän ýagdaýlary düşündirip maslahat berýär. Ýüzbe-ýüz görşüp gürrüňdeş bolan adamlaryň taýýarlan söhbetdeşligini okanyňda has täsirli bolýar. Makalamyň gyzykly bolmagy üçin ýene-de gözleglerimi dowam edip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna bardym. Ömri uzak bolsun, halypa kitaphanaçy Oguljemal Orazdurdyýewanyň ýanyna barsaň derrew işiň bitýär. Ol ýarym sagada ýetmän Altymyrat Orazdurdyýew hakynda ýazylan neşirleri öňüme getirdi. Getirensoňam her makalanyň haýsy sahypadadygyny açyşdyryp kagyz bilen bellik edip goýuşdyrdy. Bir ujundan okap başladym. Käbirlerini elde göçürip oturyşyma derrew günorta boldy. Oňa çenli ýene bir halypa kitaphanaçy Bibigözel Mämmedowa gelip: «Beýdip özüňe agram salyp birbada okama. Hon-ha, hol otagda ýörite enjam bar. Şonda  gerekli makalalaryňy surata düşürt-de, öýüňde arkaýyn oka» diýip maslahat berdi. Indi işim has ýeňilleşdi. Begenip öýe gelemsoň, biri-birinden täsirli söhbetdeşlikleri gaýta-gaýta okadym. Altymyrat hakynda dürli neşirlerde ýazylan ýazgylarda gaty kän maglumat bar eken. Ynha, şol ýazgylaryň biri: SSSR Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň kollegiýasy Ýewropanyň we  dünýäniň çempiony bolan ştangaçy ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýewe «SSSR-iň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmagy karar etdi. Şonda başga bir ildeşimize — Altymyradyň treneri Boris Sumbatowiç Abramýana «SSSR-iň at gazanan treneri» diýen hormatly ady dakmak kararyna hem gelipdi — diýip, «Ýaş kommunist» gazetiniň okyjylarynyň adyndan ýazylan gutlag habarda Altymyrat bilen treneriniň suraty ýerleşdirilipdir.

«Halk sesi» gazetiniň 1994-nji ýylyň 19-njy ýanwar sanynda çap bolan «Ady arşa çykan» atly söhbetdeşligi halypa Ýazmyrat Şadurdyýew taýýarlapdyr. Ol söhbetdeşliginiň başynda: — Dünýäniň üç gezek çempiony bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak bize-de miýesser etdi. Bilemok, beýleki meşhurlyk gazanan sportsmenleriň nähilidigini, ýöne ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýew-ä biziň üçin diýseň ýönekeý göründi. Näme edeýin gizläp, käbir çempion bolanlara ýere-göge sygman, dünýäniň diregidir öýdýärler. Asyl olar bilen gürleşmegem, elleşmegem kyn bolýar. Emma Altymyrat Orazdurdyýew bilen duşuşyp, onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda onuň diýseň ýönekeý adamdygyna göz ýetirdik. Isle çempion bolsun, isle-de uly şöhrata eýe bolan adam bolsun tapawudy ýok, adam näçe sada bolsa, ýönekeý bolsa, ine, şolar ýalylaryň hormatam uly bolýar, şöhratam, at-abraýam uzak ýaşaýar. Altymyrat Orazdurdyýew diýseň sada adam. Öwünmegem, men-menlik etmegem başaranok. Nähili sorag berseň, ýylgyryp jogap berýär. Owadan sözlejegem bolanok, aldajagam bolanok. Bolşy-bolşy ýaly edip, ulaltman-kiçeltmän ähli başdan geçen wakalary gürrüň berýär — diýip, onuň ilki bilen adamkärçiligine uly baha berýär. Şo wagt Altymyrat 24 ýaşynda eken. Ol şonda:

— Siz, özüňiz ýaşyňyz boýunça, üstünlige, abraýa wagtynda ýetdim hasap edýärsiňizmi? — diýen sowala — Bu sowala belli bir jogap bermek kyn.Umuman sportda näçe ýaş bolsaň gowy. Sebäbi ýaşlyk diýmek, erkinlik, hyjuwlylyk, çydamlylyk. Ýaşyň uly bolsa eýýäm köp zady ýitirýärsiň. Sportuň agyr türgenleşigini, onuň dyngysyz zähmetini diňe ýaşlyk göterýär. Men özüme «meşhurlyk biraz gijiräk geldi» diýip düşünýän. Ýene 5-6 ýyldan agyr ştanga götertmezmikän  öýdýän. Eýýäm 30 ýaşaryn… Ol ýaşda bolsa çykyş etmek kyn — diýip jogap beripdir. Ondan üçünji gezek agyr atletika boýunça dünýäniň çempiony bolduňyz. Siz Türkmenistanda iň bir meşhur adamlaryň biri. Daşary ýurtlarda häli-şindi bolup gelýäňiz. Ol ýerde-de sizi tanaýarlarmy?— diýip soralanda:

— Elbetde tanaýarlar. Meniň bilen şertnama baglaşjak bolýanlaram bar. Ýöne men olara razylyk beremok. Men öňem, şu wagtam, geljekde-de diňe Türkmenistanyň abraýyny goraryn.Ýöne käbir daşary ýurtlaryň meni öz döwletlerinde geçýän ýaryşlara ýörite çagyrýan mahallary bolýar. Arada men Germaniýanyň Berlin şäheriniň «Turn» atly agyr atletikaçylar  kluby bilen baglaşylan şertnama laýyklykda ýaryşa gatnaşyp geldim. Ol ýerde meni gaty gowy kabul etdiler — diýip gürrüň beripdir. Oňa ýene: — Siziň Awstraliýanyň Melbrun şäherinde gazanan üstünligiňiz türkmen sportuny hasam arşa çykardy. Şonda siz 76 kilogram agrama çenli kategoriýasynda çykyş edip, «dünýä boýunça iň güýçli sportsmen» diýen ada mynasyp bolduňyz. Şeýle üstünlige özüňiz garaşýardyňyzmy?— diýip sowal berlende onuň:

— Dogrymy aýtsam Awstraliýada geçen ýaryş örän dartgynly boldy. Çempionatyň soňky gününe çenli hiç hili ynam bolmady. Sebäbi oňa gatnaşan sportsmenler juda güýçlüdiler. Meniň bilen bäsleşen ukrainaly Roman Sawçenko diňe menden 30 gram ýeňil bolandygy üçin ikinji orna düşdi. Meniň bilen deňräk gidişen koreýaly sportsmen Kim Mon  Nama bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Haçanda ýaryşyň jemi boýunça meniň çempion bolanlygym yglan edilende begenjimden guş bolup uçaýjak boldum. Aýratynam maňa ýaryşyň altyn medaly gowşurylanda üýtgeşik duýguny başdan geçirdim. Melbrunda, sport zalynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl tugy asmana galdyrylanda çynymy aýdaýyn, tolgunmadan ýaňa göz ýaşymy saklap bilmedim. Çünki şeýle uly halkara ýaryşynda ilkinji gezek türkmen baýdagy galdyrylypdy — diýen sözleri şol tolgundyryjy pursatyň gözli şaýady bolan ýaly duýga gaplaýar.

«Nesil» gazetiniň 1993-nji ýylyň 29-njy iýul sanynda gazetiň ýörite habarçysy Annamyrat Akyýewiň «Çempion bolmak kyn düşäýmese…» atly söhbetdeşligini okadym. Şonda habarçy Altymyrat Orazdurdyýewiň Pöwrizede türgenleşik geçýändigini gazet üsti bilen eşidip gazetiň foto habarçysy bilen ol ýere ýörite baryp söhbetdeşlik taýýarlapdyr. Şol söhbetdeşlikden bir parça: «Altymyrat şo gezek «Köpetdag» dynç alyş öýüniň pansionatynda bolýan eken. Dünýäniň üç gezek çempiony bolansoň, gaty amatly ähli mümkinçilikleri döredilen ýerde bolýandyr öýtdük. Barsak ol: — Ýörüň daş çykalyň! — diýdi. Daşarda oturar ýaly oturgyç gözledik. Iki sany köneje oturgyçdan başga zada gözümiz ilmedi. — Şu ýerde oturalyň. Içinden gowy bolar. Içi gaty yssy, kondissionerem ýok. Umumy ýaşaýyş jaýy ýatladyp duran köneje korpus. Şu gün irki maşklary ýerine ýetirdim. Pöwrizäň howasy diýseň gowy, işdäňi açýar. Ýöne naharhanada berilýän iýmit mesge bilen kaşa. Günortan on ikiden on dörde çenli ýene türgenleşik geçmeli, ýokumly nahar bolmasa kyn düşýär. Yssy otagda oňly ýatyp bolanok. Onsoň eliňe daş alasyň gelenok. Göwnejaý ertirlik, günortanlyk edinmeseň sport ýadadýar. Üstesine-de türgenleşik geçmek üçin ýörite sport zaly ýok. Daşarda türgenleşik geçseň derleýäň. Derläp eşigiňi çykarsaň ine, saňa arzanjak şikes. Şonsuzam kän şikes ýetýär. Daşarda türgenleşik geçseň ünsüň başga ýana sowulýar. Ünsüň sowulmasa gowy. Onsoňam sport eşikdekäň zenan maşgalalar gabat gelýär. Çekinip derrew howul-hara türgenleşik geçmeli bolýar… (Şu ýazgyny okap otyrkam, wah, neresse, ýurdumyzyň çar künjünde häzirki gurlan döwrebap, ähli amatlyklary bolan dynç alyş merkezleri, toplumlaýyn sport desgalary görmek nesibäň ýok eken — diýip içimi gepletdim.) Jaýy jennet bolsun! Dünýeden gaty ir gitdi. Häzir ýaşap ýören bolanda 2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda 60 ýaşamaly. Eýýäm bakyýete göç edenine 2023-nji ýylyň 7-nji martynda 26 ýyl bolupdyr.

Altymyrat Orazdurdyýewiň Dünýä çempionatynda-da, Ýewropa çempionatynda-da, Aziýa çempionatynda-da gazanan sylaglary hakynda internet maglumatynda bar. Şonuň üçin olar barada ýazyp durmadym. Ýöne buça bolanyna görä kärdeşim Atamyrat Şagulyýewiň «Baldyr güýji bilen dünýä dolan» atly makalasyndan şu parçany okyjylara ýetireliň: — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň çärýek asyrlyk şanly toýunda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanan meşhur agyr atletikaçy Altymyrat Orazdurdyýew bilen söhbetdeş bolmak maňa-da miýesser etdi. … Şu günki ýaly ýadymda, 1992-nji ýylyň güýz günleriniň biridi. Telewideniýede işleýärdim. «Salama sataşaýyn diýip geläýdim» diýip, ýanyma Altymyrat geldi. Şonda ýüz-gözleri nurana, giň dünýägaraýyşly ýigit bilen söhbet edip birnäçe wagt oturdyk. Onuň bir diýen sözi hemişelik ýadymda galdy: «Ynsan ýaşan ömründe yzynda yz galdyryp gitse gowy…» Altymyrat türkmen hem dünýä sportunda öçmejek yz galdyryp gitdi. Heýkeltaraş Meret Öwezow gerçek ogul Altymyrat Orazdurdyýewiň heýkelini ýasady. Yhlas bilen taýýarlanan heýkelde ýagyrnysynda gurt seribermeli, baldyrlary juwazyň oky ýaly, döşi serçemenli sähra ýaly, birnäçe medally Altymyrat Orazdurdyýew ellerini laçynyň ganaty ýaly ýaýyp, agyr daşlary göterip dur. Ol pursat baldyr güýji bilen dünýä dolan gerçegiň ýeňiş pursatydy.

Altymyradyň tälimçisi, 33 ýyllap bu ugurda işlän, 70-den gowrak sport ussatlaryny taýýarlan Bruno Abramýan: «Altymyrat ştangany agramy ýok ýaly edip  ýeňil galdyrýar, bu bolsa demir goşarly ajaýyp türgeniň mümkinçiliginiň  çäksizdigini aňladýar» diýýär.

Altymyrat Orazdurdyýew Ýewropanyň üç gezek, dünýäniň dört gezek  çempionydyr. Ol dünýä derejesinde ägirt uly eňşe eýe bolan ýeke-täk gerçekdi. Bassyr dört gezek dünýä çempiony bolan adam dünýäde başga ýokdy.

Onuň sportda gazanan üstünlikleriniň kalplara beren ylham joşgunyndan şahyr Hajy Kakalyýew «Altyn alman gelme, balam», Meret Mälikow «Altymyradym» atly goşgulary döretdi. Amanmuhammet Nepesow Altymyrat atly kitap ýazdy.

Watanyň, halkyň öňünde bitiren hyzmatlary nazara alnyp, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Gumgüzer obasyndaky döwrebap köçeleriň birine Altymyrat Orazdurdyýewiň ady dakyldy. Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça Milli federasiýasy 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabryndan 10-njy noýabry aralygynda gözel paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda iň ýokary netije gazanan türgene Altymyrat Orazdurdyýewiň ady bilen ýörite baýrak gowşurmagy göz öňüne tutdy. Munuň özi ildeşimiziň dünýä sportunda sarpasynyň belent tutulýandygyny görkezýär — diýip makalasynda belleýär. Her makalanyň özboluşly beýany bar. Ýöne olaryň ählisini jemläp alanyňda meşhur ştangaçy hakynda kän zatlary öwrenip bolýar. 

Umuman, Altymyrat Orazdurdyýewiň gysga, ýöne manyly geçen ömür ýoly hakynda öwrenmäge maglumatlar az däl eken. Olar hakynda belki, ýene-de ýazaryn — diýip makalama häzirlikçe nokat goýdum. Şol pursat Kerim şahyryň «Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler…» diýen sözleri zol-zol gulagymda ýaňlandy.

Akgül Saparowa

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri