SPORT

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Hüjümçi oýunçy Karim Benzema Saud Arabystanyň Al-Ittihad toparynyň oýunçysy bolar. Bu barada Al Ekharabiýa atly ýerli teleýaýlym habar berýär.

Klubyň Prezidenti Anmar Al-Khaili we onuň orunbasary Ahmed Kaaki fransuz oýunçysy bilen duşuşdy. Iki ýyl möhlet bilen şertnama gol çekiler. Ondan öň Benzemanyň Saud Arabystanyndan möwsümde 200 million ýewro aýlyk alýandygy habar berildi.

Al-Ittihad Saud Arabystanynyň çempiony.

Real Madrid Benzemanyň gidýändigini habar berdi. Karim “Realyň toparynda 14 möwsüm oýnady, klubyň 647 oýnuna gatnaşdy we 353 pökgi geçirdi. Bu möwsüm oýunçy 23 oýunda oýnady, 18 pökgi geçirdi we üç asist berdi. Ol La Liganyň möwsüminde iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy.

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri