BIZNES

Ahal welaýatyň häkiminiň London şäherine iş sapary

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň we Ahal welaýatyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen Patyşalygynyň paýtagty – London şäherine iş sapary bilen bardylar.

Saparyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça Ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson bilen duşuşygy hem-de Beýik Britaniýanyň Daşky gurşaw, azyk harytlary we oba hojalygy minsitrliginde duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen-britan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkidilmegine uly gyzyklanma bildirip, taraplar wajyp meseleleriň birnäçesini, şol sanda, oba hojalykda sanly ulgamy peýdalanmak boýunça, işiň öndürijiligini ýokarlandyrmak, iki ýurduň oba hojalyk boýunça okuw jaýlarynyň arasynda tejribe we ylmy barlaglary alyşmak babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Demirgazyk Irlandiýanyň birnäçe ylmy-barlag merkezlerine baryp gördi.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Oba hojalygy we telekeçilik boýunça kolleje bardy we onuň direktory bilen duşuşdy. Ol ýerde türkmen wekilleri kollejiň barlag we okuw desgalary hem-de olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar

Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti “Mowanager” balyk hojalygyna bardy we bu hojalygyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy. Tanyşdyrylyşyň dowamynda türkmen wekiliýeti bu balyk hojalygynyň işi bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, wekiliýetiň iş saparynyň meýilnamasyna Oba iýmit senagaty we biologiki ylymlary instituty we Global azyk haryt howpsuzlygy instituty bilen tanyşmaklyk hem girizilendir.

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy