BIZNES

USAID bilen TSTB-niň arasynda ähtnama gol çekildi

USAID-iň Türkmenistandaky ýurt wekili Nino Nadiradze we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew hususy pudagy güýçlendirip, Türkmenistanda ykdysady ösüşi we ýurduň gülläp ösmegini ýokarlandyrmak maksady bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Özara düşünişmek barada Ähtnama hususy pudagyň önümleriniň we hyzmatlaryň eksportyny giňeltmek, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak üçin hyzmatdaşlygy üpjün edýär.

Mundan başga-da, bu Ähtnama USAID-iň aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň ykdysady kuwwatyny güýçlendirmek, şeýle hem sanlylaşdyrmagy, elektron söwdany we işewürlik pudagynda innowasiýalary goldamak üçin tutanýerli goldawyny nygtaýar.

Related posts

Türkmenistan, Bakü Oyunları’nda 13 Madalya Kazandı

vepa

Owganystan Türkmenistana mermer we armatura eksport eder

Türkmenistan Ýaponiýadan awtoulag we tehnika satyn alar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment