SIZDEN GELENLER

Agardyjy bentonit topragynyň ösümlik ýag önümçiliginde ähmiýeti

Ýagy agartmak – sorbentleriň ýag bilen täsirleşmegine aýdylýar, netijede  ýaga garamtyl reňk berýän jisimleri aýrylýar.

Adsorbirlemek ukyby rafinasiýanyň fiziki-himiki usulyna degişlidir. Adsorbirlemegiň netijesinde ýagda erän reňkleýji jisimler adsorbentler bilen täsirleşýärler. Adsorbentler  ýagy  agartmak  bilen  çäklenmän, ýagdaky sabyn bölejiklerini aýyrýar. Ýaga goýberilen adsorbent jisimleri reňkleýji jisimler bilen täsirleşýär. Ýagny özüniň üstki  gatlagyna we göwrümine ösümlik ýaglarynyň düzümindäki hemme reňkleýji  maddalary özünde jemleýär. Ösümlik ýaglaryny agartma hadysasynda gidrodasiýa we guradylmak işleri hem geçirilýär. Ýagyň düzümindäki şepbik fostolipidler we sabyn galyndylary  agartmak  hadysasyny peseldýär, şonuň üçin ýagyň çyglylygy 0,1-0,05% bolmalydyr.

Bir ýa-da birnäçe garyndylaryň içi öýjükli gaty maddalara siňdirilmegine adsorbsiýa hadysasy diýilýär.

Gaty maddalar özündäki öýjüklere birnäçe maddalary siňdirýärler we kondensirlenýärler bulara adsorbentler diýilýär.

Siňdirilýän maddalara bolsa adsorbtiwler diýilýär, ol adsorbentiň üst ýüzünde konsentirlenen görnüşde – adsorbatlary emele getirýär.

Adsorbsiýanyň döremegi adsorbtiwiň we adsorbentiň molekulalarynyň arasynda emele gelýän özara täsir güýji esasynda bolup geçýär.

Adsorbentiň we adsorberiň molekulalarynyň arasyndaky özara täsir güýji bu maddalaryň tebigatyna baglylykda dürli görnüşli häsiýetleri saklap bilmekligidir.

Eger-de bu güýçler elektrostatiki netijelilik bilen baglanyşykly bolsa, onda ol fiziki adsorbsiýanyň ýerini eýeleýär.

Adsorbsiýa azyk senagatynda esasan gant şugundyrynyň önümçiliginde diffuzion (miwe suwlaryny) şireli suwlary we miwe siresini arassalamak üçin, krahmal önümçiliginde, çakyrlary arassalamak we durnuklaşdyrmak üçin, konserwa önümçiliginde miwe suwlaryny durlamak üçin, ösümlik ýaglaryny rafinirlemek, çakyr önümçiliginde spirti we suwly spirt garyndylaryny arassalamak üçin giňden ulanylýar. Esasan hem, adsorsiýa daşky gurşawy goramakda, suwy arassalamakda we önümçiligiň beýleki galyndylaryny arassalamakda ähmiýeti uludyr.

Agramçalşyk akymy diýlip maddalaryň bir fazadan başga bir görnüşli faza geçmegine aýdylýar.

Azyk tehnologiýasynda agramçalşyk akymlary gidromehaniki, mehaniki we ýylylyk çalyşyk akymlary ýaly örän möhüm akymlara degişlidir. Gidromehaniki we mehaniki we ýylylyk çalyşyk akymlary agramçalşyk akymlary üçin taýýarlaýyş we ýardam beriji akymlar bolup durýarlar.

Haýsyda bolsa bir madda daşky gurşawdan gazlaryň, buglaryň ýa-da eredilen maddalaryň siňdirilmegine sorbsion akymlary diýilýär. Azyk önümçiliginde aşakdaky sirbsion akymlar ulanylýar:

  1. Absorbsiýa-ähli göwrümi boýunça maddalaryň suwuklyklara siňdirilmegi.
  2. Adsorbsiýa – gaty maddalara gazlaryň ýa-da suwuklyklary siňdirilmegi. Siňdiriji maddalara adsorbentler diýilýär. Adsorbentler hökmünde ýörite taýýarlanýan kömürler, kremniý turşulygy, geliý we başga maddalar ulanylýar.

Adsorbentlere edilýän talaplar.

Senagat şertlerinde ulanylýan adsorbentler hökmany suratda  şu aşakdaky esasy talaplara laýyk gelmelidir:

1)  Saýlaýjylyk ukyby-diňe görkezilen bölegiň siňdirilmegidir;

2) Ýokary adsorbsion sygymy adsorbtiwiň mukdary ýa-da siňdirilen agramyň birligi adsorbentiň göwrüminden uly bolmaly däldir;

3) Adsorbentiň regenerasiýasy (gaýtadan dikeldilmegi) üçin desorbirlemek ukyby  bolmalydyr.

4) Adsorbentiň ownuklarynyň ýeterlik berkligi bolmalydyr, olaryň dargamagy akymyň gidrodinamikasyny peseldýär;

5) Siňdirilýän madda bilen gatnaşygynda himiki inertliligi üpjün etmelidir;

6) Bahasy arzan bolmalydyr;

Adsorbentiň saýlaýjylygy we onuň adsorbsion sygymy adsorbentiň we adsorbtiwiň molekulasynyň gurluşyna we tebigatyna baglydyr. Şonuň üçin hem, esasy orun adsorbentiň öýjükleriniň ölçegine we udel üst meýdanynyň ululygyna baglydyr, ýagny öýjükleriň ölçegi näçe kiçi boldugyça adsorbentiň udel üst ýüzi uly bolýar we onuň işjeňligi ýokary bolýar.

Şeýle hem, adsorbentiň işjeňligi adsorbsiýa akymynyň gurşawyndaky adsorbtiwiň temperaturasyna, basyşyna we garyndysyna bagly bolýar. Öýjükleriň ölçegi boýunça adsorbentler adatça üç görnüşe bölünýär.

  • Mikroöýjükler
  • Makroöýjükler
  • Geçirýän öýjükler

Mikroöýjükleriň tertipli öýjüklerini radiusy 5-15A, geçirýän öýjüklerde 2000A – çenli, iri makroöýjüklilerde 2000A-dan ýopkary bolýar. Senagat abzallarynda adsorbsiýa üçin adsorberlerdäki adsorbentler dürli görnüşde ulanylýarlar.

Azyk önümçiliginde adsorbentler hökmünde işjeň kömürler, silikogeller, alýumegeller we siolitler giňden ulanylýar.

Işjeň kömürler dürli organiki çig mallardan (daş kömürler, agaçlar, agaç gyryndyklary, deri we kagyz önümçilik galyndylaryndan) bugly gaýtadan işlemek we bug bilen gutarnykly işjeňleşdirmek ýa-da materiallyň ýuka (inçe) gurluşyny almaklygy üpjün edýän himiki reagentler arkaly alynýar.

Işjeň kömürleriň dürli marklarynyň udel üst meýdany (ýüzi) 600-1700 m2/g çäklerde bolýar, mikroöýjükleriň göwrümi 0,3-0,6 sm3/g çäklerde, dykyzlygy 380-600 kg/m3 çäklerde bolýar. Olar owuntyk görnüşinde 1-7 mm ölçegde ýa-da bölejikleriniň ölçegi 0,15 mm-den kiçi bolan toz görnüşinde ulanylýar.

Işjeň kömürleriň deň ölçegli gurluşly bolup, gaýtadan dikeltmek ukyby gowy, ýagny olary birnäçe gezek ulanyp bolýar, ýöne ol gymmatly adsorbentlere degişlidir.

Olaryň ýetmezçiligi: howa sredasynda 300 oC temperaturada   ýanyp başlaýarlar.

Azyk tehnologiýasynda işjeň kömürler gant önümçiliginde gant sirelerini arassalamakda, spirt we arak, çakyr önümçiliginde, spirti we aragy arassalamakda, krahmal önümçiliginde ýeterlik derejede ýokary adsorbsion sygymy üpjün etmekde ulanylýar.

Selikogenler – kremniniň 2 okisini himiki we ýylylyk (termiki) taýdan tehnologiýa boýunça işläp bejermek arkaly alynýar. Selikogenleri gaýtadan dikeltmekligiň (regenirasiýa) temperaturasy pes (100-200 oC) bolýar, ýanmaýar, berk we bahasy arzan bolýar.

Olaryň udel üst ýüzi (meýdany) 300-750 m2/g çenli, öýjükleriň göwrümi 0,28-0,9 sm3/g töweregi dykyzlygy 500-800 kg/m3. Şeýle hem adsorbentleriň bir görnüşi alýumogenler bolup – olar mineral çig mallardan alýuminiň gidroksidinden ýylylyk bilen işlenilmegi esasynda alynýar.

Seolidler ýa-da molekulýar elekler özünde alýumoslikatlary, ýagny düzüminde aşgar metallarynyň oksitlerini saklaýarlar. Soňky döwürlerde sintetiki seolitleri ulanmak giň gerime eýe boldy.

Agardyjy topraklara degişliler – (bentolitler, diatomidler, trepala, opoklar)–bular senagat adsorbentleriniň arasynda aýratyn orny eýeleýärler. Olar tebigatda giňden ýaýran we bahasy arzan bolýar. Bu mineral çig mallardan alnan adsorbentler azyk senagatynda has takygy ösümlik ýag önümçiliginde giňden ulanylýar.

Agardyjy topraklaryň azyk senagatynda tutýan orny ýokarydyr.

S.Mukymow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Kuwwat Babaýew,

Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 202-nji

toparçasynyň talyby.

 

 

18-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi