DÜNÝÄ

ABŞ-da Golliwud, Hindistanda Bolliwud, Özbegistanda Solliwud

Samarkant şäherinde ABŞ-daky Golliwuda çalymdaş kinoşäherçe gurulýar diýip, özbek neşirleri habar berýär. «Vendo group» kompaniýasy tarapyndan gurulýan şäherçäniň ady hem taýýar. Oňa «Cinema City Sollywood» diýler.

Täze kinoşäherçe 160 gektar meýdanda gurulýar. Ol döwrebap ― 3-4 ýyldyzly myhmanhanalary, restorandyr kafeleri, tropikal agaçlara baý boljak seýilgähleri, akwaparky, kinoteatry, konsertler we maslahat üçin niýetlenen zallary öz içine alar.

2022-nji ýylda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän şäherçe ykdysady taýdan hem bähbitli bolar. Onda 500-e ýakyn täze iş orunlarynyň döremegine garaşylýar. Kinoşäherçe ABŞ-nyň «Daha USA Group» hem-de Hytaýyň «Yiwu Compass Trading» kompaniýalary bilen bilelikde gurulýar.

Related posts

Azerbaýjan Daşary işler ministri bilen söhbetdeşlik

vepa

Synagyň ikinji ädimine geçildi

Türkmenistan Halkara zähmet maslahatynyň sessiýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri