Mekdep—ählimiziň okuw esbaplarydyr suratly kitaplar bilen ilkinji tanyşan, ähli gowulyklaryň, iň mähriban ynsanlaryň jemlenen ýeri. Bu ýerde ählimiziň iň arzyly, ýatlamalardan püre-pür çagalygymyz galdy. Bu gün çagalar bilen işleşip olaryň her birinde özümi görýärin. Eýsem näme, häzir her gün kärdeş hökmünde salamlaşýan mugallymlarymyň ählisi özümi hem käte höweslendirip, käte bolsa işlenilmedik öý işler üçin degişli temmiler berip ak arzuwlar bilen ak ýola salyp goýberipdiler. Ondan soňky iki ýyly kem on ýyldan soň bolsa ýene-de şol köneje, emma mähiri, mukaddesligi şol öňkije mekdebimiziň gapysyndan bu gün mugallym bolup gelmek çagalygym, ýetginjek döwürlerim hem-de özümizi uly adamlar hasaplap geçiren soňky synplarym bilen ýüzbe ýüz etdi. Dogrusy obamyz beýle bir uly bolmansoň häzire çenli obanyň ähli çagasy çagalar bagynda däl-de bilim binýadynyň ilkinji basgançaklary bilen diňe gujagyny giňden açan ak mekdebiň nätanyş synpyndaky tanyşlykdan başlaýarlar.
Munuň gabat geläýşini diýsene. Mekdebe gelen ilkinji günüm birinji sapak birinji synpyň okuwçylary bilen boldy. Özi-de hut özümiň birinji synpa gadam goýan günüm oturan synpymyzda. Beýle gabat gelmäni arzuw etseňem hutma hut getirip bolmazdy. Sapak başlady. Çagalar-a täze mugallyma, mugallym hem çagalara seredýär. Aslynda synpdan üýtgeşik bir zat däl-de şol öňki mähribanlygy, şol öňki çagalygmy gözläpdim. Synpda bir üýtgän zat on dokuz okuwçy däl-de ýigrimi iki okuwçy, täze görkezme esbaplar hemem ýüzüň görnüp duran täzeje oturgyçlardyr partalar. Olarda oturan garagöz çagajyklarda bolsa meniň 2001-nji ýyldaky birinji synp döwrüm bardy. Iňlis dilinde salamlaşmakdan we dürli suratlary düşündirmek bilen dowam edip duran sapagy yzyrakdaky partada oturan gyzjagazlaryň biriniň özbaşyna gürleşmesi böldi. Ilki bada kim bilen näme hakda gürleşýändigine düşünmän bir salym seredip durdum. Görsem aýna tarapda oturýan Ogulgerek reňkli galamlarynyň biriniň daşyna nähilidir bir kagyz bölejigini dolap gurjak ýasanyp onuň bilen gürleşip otyr. «Ýenede azajyk garaş gurjak joram. Häzir sapak gutaryp arakesme bolsun, soň seniň bilen arkaýyn gürleşerin. Sen näme düşüneňokmy, sapakda gürleşmeli däl. Wi bize bu gün täze mugallym geldi». Ah çagalyk. Sen nähili eziz. Sende duýgularyň kir kimirsiz päkizeligi jemlenen. Sende durmuşyň, dünýäniň gurluşyna üns bermeýän iň uly arzuwlar jemlenen. Hut özümiz hem arakesmede şeýle oyunlara gümradyk. Her sapakdan soňky arakesmeleriň arasy hem käbir sapaklarda ýyl ýaly görünerdi. Emma şol howlugylyp ýetilýän her bir arakesmäniň ömrümiziň ertirlerinden gädip gidip oturandygyna akly ýetmeýän çaga arzuwlarymyz bardy. Sapak gutardy. Köpleriň arzuwy hasyl boldy. Meniň bolsa birinji synpa gadam goýan günüm tamamlandy.
Nurşat Narlyýewa