JEMGYÝET

Mekdep ýyllary ilkinji söýgim

Gadam basyp, ýaňy juwan ýaşymda,

Görüpdim Jereni, mekdep ýyllary,

Oýa batyp, her göremde gaşymda,

Söýüpdim şol günler, mekdep ýyllary.

 

Düýşümde sen, huşumda sen, aňymda,

Ýaşajyk kalbymda, söýgi badynda,

Söýgiň nämedigin, bilmän ýaşymda,

Şol wagt uçrapdyryn, mekdep ýyllary.

 

Daň atmanka, görjek bolup barýadym,

Okuwdan soň, garawullap gelýädim,

Duş geleňde, aljyrapjyk dymýadym,

Wah ýüregim laldy, mekdep ýyllary.

 

Bilbil bolup, saýrajakdym bagyňda,

Söýýän diýip, gygyrjakdym ýanyňda,

Aýym bolup, gezmelidiň ýanymda,

Ýüregme köz basdyň, mekdep ýyllary.

 

Gülüm diýsem, aýym diýsem gelmediň,

Söýdiňmi ýar, hiç ony men bilmedim,

Ýazlarym, ýaz ýaly, duýup bilmedim,

Ykbal aýra saldy, mekdep ýyllary.

 

Gözel gördüm, sen deý näzli görmedim,

Söýgi ýaman, ýürek gitdi bermediň,

Ilmyrat-sözlener, meňki bolmadyň,

Ilkinji söýgimdiň, mekdep ýyllary.

Annasähedow Ilmyrat

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi