JEMGYÝET

Bir Gysym Toprak….

Asman bulutlaryny iki ýana serpip, asuda uçup barýan uçaryň äpişgesinden aşak seredip oturan Gülşiriniň birhili ýüregi ýerinden gobsunyp gitdi. Içinden ýene-de duz-nesibesiniň mähriban türkmen topragyna çekip, sag-aman gaýdyp gelmegini dileg etdi. Şu pursatda onuň  näzik zenan ýüregi gyýlyp, hökmüni gara gözlere ýetirdi. Ömrüniň soňuna çenli ata Watanyň bir gysym topragyny arzuwlap geçen kakasynyň keşbi alnynda dikeldi. Ol içinden: „Ah, kaka jan, meniň bu mähriban ýurtdan, dillerine bal goşulan ýaly halkdan sähelçejik wagt aýrylýanyma ýüregim üzülip barýar. Seniň ömürboýy aýralyk ýüküni nädip çekeniňe haýran galaýmaly“ diýýärdi. Egnine kellesini ýaplap, süýji uka giden oglunyň saçlaryny emaý bilen sypalap oturşyna ol ýatlamalar deňzini kürekläp başlanyny hem duýman galdy…

Bir sebäp bilen türkmen topragyndan jyda düşen Nazar aga gol doly maşgalanyň – alty ogluň, bir gyzyň kakasydygyna garamazdan, mydam özüni ýeke duýýardy. Ol: „Häk, il-gün bir gowy zat-da. Ony saýry ýurtda ýaşanyňda has ýiti duýýarsyň. Ah, häzir ýaňy tamdyrdan çykan mele-myssyk türkmen çöregi bolsady. Tamdyr suwuna basyp bir iýseň, özge hurşy küýsetmez“ diýýärdi. Bir gezek bolsa kakasynyň şäherdäki dostunyň öýünde myhmançylykda bolup, öýe şähdaçyk we keýpli gaýdyp geleni Gülşiriniň hiç ýadyndan çykmaýar. Adamsynyň ýylgyryp gapydan girenini gören Ogulbaýram oňa mähribanlyk bilen habar gatypdy:

–Ýeri, kakasy, ogul agtygyň bolan ýaly gaty keýpli görünýäň-le, näme habar?!

Başyndaky akgaýma tahýasyny eli bilen ikiýana süýşürip, başagaý bolup duran Nazar aga uly şatlyk bilen myhman ýerinde diwardan asylgy türkmen halysyny görendigini gürrüň beripdi. Onuň halyny sypalap, her bir nagşy atlandyryp oturşyny gören myhmanlar haýran galypdyrlar. Şeýle nepis we owadan sungatyň tarypyny ýetiripdirler. Nazar aganyň bolsa şol wagt degşip-gülşüp dokma daragyny kakyp oturan türkmen gözelleri ýadyna düşüp, şeýle bir lezzet alypdyr welin, gaýtalanmajak gözelligi dünýä beren türkmen halkynyň wekilidigine begenjinden ýaňa gözlerine ýaş aýlanypdyr. Nazar aganyň Watanyna bolan söýgüsi öýüň her bir künjeginde duýulýardy.  Bir otagyny türkmen dutary, gyjagy we haly torbalary eýeleýän öýde hatda gara pejiň başyna atylan ojakbaşa çenli ezizlenýärdi.

Toý-baýramlarda yzly-yzyna ösüp gelýän ogullarynyň başyna akgaýma tahýa, eginlerine ýakasy nagyşlyja ezýaka köýnek geýdirip, yzyna tirkäp şähere çykýan Nazar aga geň galyp berilýän her bir soraga çyny bilen jogap berip, özüniň türkmendigine buýsanardy. Gyzjagazy dünýä inensoň-a, onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Ýanýoldaşynyň arzuw-isleglerini ikelläp goldaýan Ogulbaýramyň ýaňyja oturmaga ýaran Gülşirinjige ýakasy nagyşlyja keteni köýnek, begresden bejerilen ýeňsizjigi tikip geýdirmegi maşgala baýramçylygyna öwrülipdi. Ogullaryndan beter gyzjagazynyň ýaňaklaryndan taýly gezek ogşap, ýokaryk bökdürip durşuna Nazar aga:

-Meniň kiçijik gyzym türkmen gyzy bolupdyr. Tüweleme, ynha hä diýmän gyzymyz gupbaly tahýa-da, nagyşly çabydam geýer. Saçyny hem dört örer – diýýärdi. Bu jadyly pursatlaryň hemmesini zehinlije oglanlar surata düşürip, maşgala albomyna ýelmäpdiler. Ulugyz çykan Gülşirin ýokary okuw jaýyna girmäge taýýarlanýan pursatlary ejesi ata Watan bilen baglanyşykly bolup geçen şeýle täsirli wakalaryň hemmesini oňa gürrüň beripdi. Ejesiniň alysdaky ýurt barada berýän gyzykly gürrüňleri ýaş gyzyň kalbynda şol arzyly mekany görmek arzuwyny has-da artdyrýardy. Muňa garamazdan gyz maşgalany ýakynragynda okatmak isleýän Ogulbaýram eje ýanýoldaşyny hem-de gyzyny goldamakdan başga alaç tapmandy. Agalary bilen ýola şaýlanan-da kakasynyň beren nesihaty  aradan ençeme ýyllar geçip gitse-de, gyzyň gulagynda ýaňlanyp durdy.

–Gülşirin jan, gyzym, hemişe sypaýy bolgun! Ejeň ikimiz saňa türkmen gyzlaryna mahsus iň oňat terbiýäni bermäge çalşandyrys. Galanynyň üstüni hem Türkmenistana baranyňdan soň, özüň ýetirersiň. Ol ýerde boýdaşlaryň bolar, olaryň arasynda bolup, edim-gylymlaryny has hem içgin öwrenersiň. Türkmen dili we edebiýaty boýunça hünär aljak bolsaň, esasy hem beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň dury çeşme ýaly tämiz goşgularyndan ganarsyň. Alys ýurtda ýaşasagam, biziň maşgalamyzyň türkmeniň milli däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, milli häsiýetlerini nä derejede apalap saklandygyny gürrüň berersiň – diýipdi.

Gülşirin ata wesýetini aňryýany bilen ödemegi başardy. Ol türkmen dilini öz şirinligi bilen öwrendi. Boýlary derek ýaly, sadadan gelen gönümel we owadan gyza ykbaly ata Watanynda oňa diňe bir ýakyn boýdaş, hemsyrdaş peşgeş bermän, eýsem ömürlik ýanýoldaşa hem duşurdy. Şeýdip ykbal aty durmuş aýlawyna giren Gülşirin kakasynyň arzuwlan türkmen topragynda galyberdi. Mähriban gaýynlarydyr baldyz-ýüwürjileri, ýürekdeş ýanýoldaşy bilen ösüp-örňäp gidiberdi. Ýöne onuň bu bagtyny görmek kakasy pahyra nesip etmedi. Ol kakasy bilen iň soňky sapar telefonda gürleşipdi. Şonda kyblasy oňa şeýle diýipdi:

–Gyzym, indi geleniňde elýaglygyňa düw-de, bir gysym türkmen topragyny alyp gaýt, ysgap bir armandan çykaýyn.

Gülşirin bu sözleriň soňra armana öwrüljegini ol wagt duýmandy. Ol edil adatdaky ýaly: „Bor,  kaka jan, hökman elterin“ diýipdi. Şondan köp wagt geçmänkä ajy habary eşiden gyza diňe doganlary bilen bile gidip, kakasynyň ýerine görünäýmek galypdy.

Bu gün bolsa kakasynyň şol haýyşyny bitirmäge Gülşiriniň gören düýşi sebäp bolupdy.

Düýşünde ýüzi gülüp duran Nazar aga gyzynyň süýem barmagyna kümüş ýüzük dakyp durşuna: „Birden garalaýsa, Garagumuň bir gysym gumuny sürtäýgin, onuň ysy hem üýtgeşikdir“ diýip gözden ýitipdi.

Dynç alyşa çykyp, ejesidir doganlaryny görmäge barýan Gülşirin ýaýylyp ýatan Garagumuň üstünden uçup barýan howa gämisinde oturşyna, ýuwaşja pyşyrdanyny özi hem bilmän galdy:

–Kaka jan, giç hem bolsa, seniň sargydyňy alyp barýan…

 

  Ýazgül ANNAÝEWA, Žurnalist.   

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi