JEMGYÝET

119 ýaşly ene Ajapsoltan Hajyýewa

Türkmenistanda 119 ýaşly Ajap ene! Muhammet Bekgiýewiň Türkmenistan gazetinde  beren habaryna görä 119 ýaşly ene Ajapsoltan Hajyýewa 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde dogulýar. Mährem ene öz döwründe daýhançylyk edipdir, dokma dokap darak kakypdyr, öý işleri bilen meşgullanyp, mal-garalara seredipdir. Oba hojalyk işlerine gatnaşyp, obadaşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Ýanýoldaşy Hajy aga ir gelen dert zerarly aradan çykypdyr. Uruş ýyllarynyň agyr günlerini gerdeninde çeken ene ýeke dikrary Atany hor-homsy durmuşda ýaşatmazlyk, il biri edip ýetişdirmek üçin hem eje, hem kaka ornunda durup zähmet çekipdir. Kynçylykly geçen günler öz rehnetini-de beripdir.  Ata Hajyýew il içinde uly hormatdan peýdalanýan, döwletment ogul bolup ýetişýär. Ol ata-baba gelýän daýhançylyk ýoluny dowam etdirýär. Tüweleme, Ata aga häzir 85 ýaşynyň içinde bolsa-da, örän ýeňil gopýar. Ýanýoldaşy Täzegül eje bilen bagtly durmuşyň hözirini görüp, döwletli ojagyna söýe bolup, sag-gurgunlykda ýaşap ýörler.

Ajapsoltan ene 119 ýaşyndadygyna garamazdan, häzirem aýak üstünde. Ol melleginde ekin-dikin ýetişdirýän agtyk-çowluklaryna armaçy bolýar, maslahat berýär. Onuň ogly ata agadyr gelni Täzegül ejeden ösüp-örňän 12 agtygy, 67 çowlugy, 30 ýuwlugy bar. Olaryň ählisi üýşen çagy kiçeňiräk toýy ýadyňa salýar. Mähriban ene öz gürrüňlerinde uzak ýaşamagyna nesil dowamatynyň   — agtyk-çowluklarynyň mähirli sözleriniň, şadyýan gülküleriniň täsir edýändigini aýdýar.

Ýokaryda agzalan habarda bellenişine görä, birki aýlykda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň «Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjylary» ugry boýunça ýaponiýaly Kane Tanaka dünýäniň iň uly ýaşly adamy diýlip yglan edildi. Häzir ol 116 ýaşynda. Şeýle maglumatlar bilen ýakyndan tanşanyňda we olary öwreneniňde, häzirki wagtda 119 ýaşly ene Ajapsoltan Hajyýewanyň dünýäniň iň uzak ýaşly adamydygy hakdaky pikiri öňe sürmäge esas bolýar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze kitaby – “HAKYDA GÖWHERI”

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wengriýada geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy