JEMGYÝET

Täze bilim ministri wezipä bellendi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda täze bilim ministri wezipä bellendi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda, Orazgeldi Gurbanow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşadyldy.

Gurbangül Ataýewa Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellendi.

Gurbangül Ataýewa mundan ozal, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipelerini alyp barýardy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Related posts

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkiýe Respublikasy Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwlet

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi