JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegi iberiler

Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegi iberýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministrligi Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Agzybirlik hakynda Nakyllar Iňlis dilinde

Related posts

BM Genel Sekreteri’nin ziyareti değerlendirildi

vepa

Koreý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna gatnaşar

Awazada 3 sany möhüm sammit geçiriler