Beýik Britaniýanyň “Autocar” neşiri ähli döwürlerde we döwletlerde iň köp satylan awtoulaglaryň sanawyny düzdi. Munuň üçin neşiriň Žurnalistleri 60-dan gowrak modeliň söwdasy bilen bagly statistikalary gözden geçirdiler. Netijede, dünýäde iň köp satylan ulag Toyota Corolla boldy. Kompaniýa bu kysymly awtoulaglardan 1966-njy ýyldan bäri 45,5 million sanysyny satypdyr.
Sanawda 2-nji orna “Ford” kompaniýasynyň F-Series ulagy mynasyp boldy. Eýýäm 60 ýyldan gowrak wagt bäri öndürilýän bu kysym kompaniýanyň taryhynda aýratyn orna eýedir. Has takygy, 1948-nji ýyldan bäri Ýer ýüzünde F-Seriesleriň 27,5 milliondan gowragy satylypdyr.
Sanawyň 3-nji ornunda “Volkswagen” kompaniýasynyň ady rowaýata öwrülen kysymlarynyň biri Golf bar. Ilkinji nusgalary 1974-nji ýylda öndürilip başlanan bu ulagdan häzirki wagta çenli 24,8 mlilliony satyldy.
Şeýle hem:
4-nji orunda 1982-nji ýyldan bäri 18,3 million sanysy satylan “Opel” kompaniýasynyň Vauxhall Corsa kysymly ulagy;
5-nji orunda 1980-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli käbir döwletlerde “Lada Riva”, käbir ýerde-de “Lada Nova” ady bilen 18 milliony satylan WAZ – 2105;
6-njy orunda 1972-nji ýyldan bäri 17,3 million sanysy satylan Honda Civic;
7-nji orunda 1991-nji ýyldan bäri 14,6 million sanysy satylan Renault Clio;
8-nji orunda 1990-njy ýyldan bäri 13,4 milliony satylan Hundai Elantra;
9-njy orunda 1975-nji ýyldan bäri 13,3 milliony satylan BMW 3 Series;
10-njy orunda 1961-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli 11,9 milliony satylan Oldsmobile Cutlass.