JEMGYÝET

Ilham Aliýew: Azerbaýjan 2028-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmäge taýýar

Azerbaýjan 2028-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklygy öz üstüne almaga we şol ýylyň güýzünde GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini geçirmäge taýýardyr.

Bu barada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde mälim etdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Awaza” toplumynda geçirilýän hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmegindäki sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Related posts

IMF’den Türkmenistan Ekonomisine Tam Not

vepa

“Instagram”: täze programmasy barada…

Ata Watan Eserleri

Jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günlerindäki iş tertibi