BIZNES

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» – ähli gyzykly çäreler bir ýerde

Ýylyň iň garaşylan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy sanlyja günden badalga alar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy  birnäçe günüň dowamynda  çagalaryň gülki seslerine, akyl-paýhas bäsleşiklerine we täsirli pursatlara beslener.

     Çäre 2026-njy ýylyň 19–22-nji awgusty aralygynda uly şowhun bilen  geçiriler.Bu halkara meýdança diňe bir innowasion çagalar harytlaryny däl, eýsem uly göwrümli medeni-bilim taslamalaryny hem birleşdirer.

     Serginiň çäginde ilkinji gezek halkara kitap ýarmarkasy, çagalaryň  arasynda halkara küşt bäsleşigi  hem-de Russiýanyň meşhur «Союзмультфильм» animasiýa studiýasynyň gatnaşmagynda işewürlik duşuşyklary guralar.

    Şeýle-de ýaş oýlap tapyjylaryň we inženerleriň öz elleri bilen ýasan, geljegiň tehnologiýasyny görkezýän innowasion robot bäsleşikleri;

    Çaganyň ukybyny professional derejede anyklap, ony dogry hünäre ugrukdyrjak ýörite geňeşmeler;

    Çagalar üçin dürli ugurlar boýunça, şol sanda Halkara  mekdep küşt federasiýasynyň tälim beriji ussatlyk sapaklary;

    Çagalar edebiýatynyň iň täze neşirleri, reňkli  ertekiler dünýäsi we ýazyjylar bilen duşuşyklary;

    «Bagtyýar çagalyk» atly çagalar üçin lybaslaryň dabaraly görkezilişi size garaşýar.

    Bu halkara sergide ene – atalar üçin:

    Çaganyň ömrüniň ilkinji 1000 gününde ene süýdüniň we dogry iýmitlendirişiň syrlary barada çykyşlar;

    Körpäniň beýnisiniň ösüşi, dogry ene-ata terbiýesi hem-de çagany telefondan daşlaşdyryp, kitaba nädip höweslendirmelidigi barada professional psihologik maslahatlar;

    Çagalar üçin goşmaça iýmitler we iýmitleniş düzgünleri barada gymmatly geňeşmeler guralar.

Related posts

Milliarderleriň sany ilkinji gezek 3000-den geçdi

Nobel hepdeligi: ykdysadyýet baýragynyň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky: täze möhletli goýum hödürleýär