MEDENIÝET

Germaniýada Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestriniň üstünlikli çykyşy

2026-njy ýylyň 31-nji iýuly 16-njy awgusty aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýaş sazandalaryň dünýä derejesindäki döredijiligini görkezýän iň iri halkara medeni çäreleriň biri bolan «Young Euro Classic» halkara ýaşlar orkestrleriniň festiwaly geçirilýär. Ol her tomus Berlin şäheriniň taryhy “Konzerthaus” sungat ojagynda geçirilip, bu halkara çäresi Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinden zehinli sazandalary bir ýere jemleýär.

Festiwalyň sahnasynda dürli ýurtlaryň iň tanymal ýaşlar orkestrleri çykyş edýärler. Bu ýerde häzirki zaman kompozitorlarynyň dünýä we nemes premýeralary tanyşdyrylýar.

Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri 2026-njy ýylyň 8-10-njy awgusty aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda bu dabaraly sungat forumyna gatnaşdy. Orkestre Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow dirižýorlyk etdi.

Şu ýyl bu saz baýramçylygyna dünýäniň 20-ä golaý döwletinden iň saýlama orkestrler we tanymal sazandalar çagyrylyp, festiwala Germaniýa, Awstriýa, Italiýa, Portugaliýa, Sloweniýa, Demirgazyk Irlandiýa, Lýuksemburg, Estoniýa, Ukraina, Türkiýe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaý, Hindistan, Türkmenistan döwletlerinden ýaşlar simfoniki orkestrleri we Täjigistan, Wýetnam, Argentina, Marokko, Müsür döwletlerinden bolsa milli saz gurallar orkestrleri gatnaşýarlar.

Festiwalyň guramaçylary tarapyndan ýaş nemes sazandalary höweslendirmek maksatnamasynyň çäklerinde, tejribe alyşmak maksady bilen, zehinli sazanda Ýakob Sili türkmen orkestriniň düzümine goşuldy.

Ýaş sazandalaryň halkara saz baýramçylygy 9-njy awgustda Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy bilen dowam etdi. Berliniň meşhur “Konzerthaus” konsert zaly türkmen orkestrine tomaşa etmek üçin 1300 golaý saz muşdaklaryny özünde jemledi. Konserde Berlin şäherinde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, tanymal sazandalar we Germaniýanyň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler hem gatnaşdy.

Konsertiň maksatnamasyna türkmen kompozitorlarynyň döredijiligini giňden tanyşdyrmak maksady bilen, türkmen nusgawy saz sungatynyň altyn hazynasyna giren eserler – Çary Nurymowyň joşgunly Fortepiano konserti, Weli Muhadowyň watançylyk ruhy bilen ýugrulan «Meniň Watanym» simfoniki poemasy, Nury Halmämmedowyň nepis «Türkmenistan» simfoniki şekilleri hem-de «Aýgytly ädim», «Keçpelek» kinofilmleriniň unudylmajak sazlary nemes tomaşaçylarynda çuňňur täsir galdyryp, olaryň gyzgyn söýgüsine hem-de dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Related posts

Dünýäniň iň owadan zenanlary

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Iň şowsuz film yglan edildi