JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti Limburg welaýatynyň häkimi bilen halkara atçylyk-sport çäresini maslahatlaşdy

Maastriht şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Patyşanyň Komissary, Limburg welaýatynyň häkimi Emil Rumer bilen duşuşyk geçirdi.

Saparyň başynda welaýat häkimi türkmen wekiliýetini Limburg welaýatynyň administrasiýasynyň binasy, onuň taryhy we binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. 1992-nji ýylda Maastriht şertnamasyna gol çekilen ýerine hem-de administrasiýanyň binasynda saklanýan bu taryhy resminamanyň nusgasy aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Limburg welaýatynyň Peelbergen atçylyk-sport merkezinde ilkinji gezek geçiriljek halkara çäräniň konsepsiýasyny, maksatnamasyny we taýýarlyk işleriniň esasy tapgyrlaryny giňişleýin hödürledi.

 

Geçiriljek bu wakanyň dünýä belli ahalteke atlarynyň üýtgeşik häsiýetlerini, Türkmenistanyň baý atçylyk däp-dessurlaryny görkezmäge hem-de Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

Taňryguly Atahallyýew Emil Rumeri we welaýat administrasiýasynyň wekillerini meýilleşdirilýän çärä hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Limburg welaýatynyň häkimi çäräni geçirmek meýilnamalaryny kanagatlanma bilen goldady hem-de welaýat administrasiýasynyň ony ýokary derejede üstünlikli guramaga zerur bolan kömegi bermäge taýýardygy tassyklady. Taraplar şeýle hem guramaçylyk meselelerini, guramaçylaryň, ýerli häkimiýet edaralarynyň hem-de welaýatynyň degişli düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary maslahatlaşdylar.

Limburg welaýaty bilen Türkmenistanyň welaýatlarynyň biriniň arasynda göni sebitara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň geljegine aýratyn üns berildi. Şeýle özara hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we maýa goýum, senagat, oba hojalygy, ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk hem-de sebit dolandyryşy ulgamynda tejribe alyşmak ýaly giň ugurlary öz içine alyp biljekdigi bellenildi.

Taraplar sebit administrasiýalarynyň, işewürler wekilleriniň, bilim we medeni edaralaryň arasynda göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, wekiliýetleri alyşmak we uzak möhletli özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin amaly binýat döredip biljekdigini nygtadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge, meýilleşdirilýän halkara çäräni üstünlikli geçirmäge hem-de Türkmenistan bilen Limburg welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Related posts

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Aşkabat’ın İlk Karı Yağıyor

vepa

BMG-niň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça täze kararnamasy