DÜNÝÄ

Alžir Türkmenistana täze ilçi belledi

2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Boumediene Guennaddan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbunyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler.

Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Related posts

Dagyň beýikligi 86 santimetr artypdyr

Antoniu Guterriş: 2023-nji ýyl iň yssy ýyl boldy

Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlary hukugyna uly gyzyklanma