SPORT

Roberto Mançini Italiýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Roberto Mançini ýene-da Italiýanyň milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi bolar. Bu barada “La Repubblica” gazeti Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň (FIGC) başlygy Djowanni Malagonyň çykyşyna salgylanyp, habar berdi.

«Mançini — milli ýygyndynyň täze tälimçisi», — diýip Malago aýtdy.

Mançini eýýäm 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli Italiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edipdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2021-nji ýylda Ýewropa çempionatyny gazandy, ýöne saýlama oýunlarda Demirgazyk Makedoniýa utulyp, Katardaky dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny ýitiripdi. 2023-nji ýylyň awgustynda ol wezipesinden çekildi we Saud Arabystanynyň milli ýygyndysyna tälimçi boldy.

Ol täze ýerinde 2024-nji ýylyň oktýabr ayyna çenli işledi, onuň bilen saud ýygyndysy 18 oýundan diňe ýedisinde ýeňiş gazandy.

Klub derejesinde Mançini Sankt-Peterburgyň «Zenit», italiýanyň «Fiorentina», «Lazio», «Inter», Angliýanyň «Mançester Siti», Türkiýäniň «Galatasaray», Kataryň «Al-Sadd» klublarynda işledi. Italýan tälimçisi «Zenit» toparyna bir möwsüm boýunça ýolbaşçylyk etdi.

Related posts

Mbappe iň köp hak tölenýän futbolçy

Kilian Mbappe Pariždäki karýerasyny tamamlaýar

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji ýaryşlary başlady