Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda hepdede iki gezek amala aşyryljak göni yzygiderli howa gatnawlaryny açmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bu barada Türkmenistanyň Halkara maglumat merkezi habar berdi. Aşgabatda geçirilen Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisinde garaldy.
Mejlisiň dowamynda taraplar ulag, syýahatçylyk, söwda we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem iki ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiligini ösdürmäge hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Hususan-da, Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda azerbaýjan gämileri üçin ýeňillikli nyrhlary mundan beýläk-de saklar.
Mundan başga-da, taraplar Hazar deňziniň düýbünden telekommunikasiýa kabelini çekmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak barada ylalaşdylar.
Habarda bellenilişine görä, taraplar syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine hem aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde iki ýurduň telekeçileri üçin özara işewürlik saparlaryny we tanyşlyk gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Bu saparlar Azerbaýjanyň Agdam, Fizuli, Şuşa, Hankendi we Nahçywan şäherlerini hem öz içine alar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň indiki mejlisi Azerbaýjanda geçiriler.
