Şu ýylyň 19-njy oktýabry-30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy “Ene-tebigat” atly sergini guramaga taýýarlyk görýär.
Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belläp geçdi.
Telefon arkaly söhbetdeşlikde medeniýet, ylym, bilim, sport ýaly ugurlardaky däp bolan gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde sergi guramanyň iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.
