Türkmenistanyň gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi edermen daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň we ýurtda oba hojalygy pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň netijesidir.
Häzirki wagtda ýurduň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan ak bugdaý hasylynyň mukdary yzygiderli artýar.
Şu günlerde bütin ýurt boýunça galla oragy batly depginlerde dowam edýär. Işiň üznüksizligini üpjün etmek üçin galla kabul ediş nokatlary, ammarlar we ýokary tehnologiýaly elewatorlar gije-gündizleýin tertipde işleýär, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklar bolsa öz wagtynda amala aşyrylýar.
