JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Malaýziýada bilim alýan türkmen ýaşlarynyň sany 2 esse artdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejede geçirilen türkmen-malaýziýa gepleşikleriniň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna hem orun berildi. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerine bilim alýandygyny bellän hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýyldan bäri Malaýziýada bilim alýan türkmen ýaşlarynyň sanynyň 2 esse artyp, 600-den gowrak bolandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ylym-bilim ulgamynda hünärmenleriň taýýarlygy, täze tehnologiýalar we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti: energetika pudagy Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň strategik ugry

Related posts

Bakanlar Kurulu toplantısı: Dünyanın en büyük enerji tesisi açılıyor

vepa

Işde galmak üçin artykmaç hukuklar barada maglumat

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara boljak resmi saparyna taýýarlyk görülýär