ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny habar berdi. Ol bu barada özüniň “Truth Social” jemgyýetçilik torunda habar berdi.
“Eýran Yslam Respublikasy bilen ylalaşyk baglaşyldy. Hemmäňizi gutlaýaryn,” diýip Tramp aýtdy.
Onuň bellemegine görä, şeýle hem deňiz gabawyny aýyrmak barada görkezme berdi we Ormuz bogazynda erkin gämi gatnawynyň gaýtadan dikeldilendigini mälim etdi.
“Şunuň bilen men Ormuz bogazyny mugt geçiş üçin doly açmaga rugsat berýärin we şol bir wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan goýlan deňiz gabawynyň derrewaýrylmagyny tassyklaýaryn,” diýip ABŞ-nyň Prezidenti belledi.
