BILIM

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň mazmunyny baýlaşdyryp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň ähmiýetli wakalarynyň hatarynda mynasyp uly orun alýar.

Dabaranyň esasy pursaty gelip ýetdi. Ilki bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdi okaldy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama esasynda ýurdumyzyň alymlarynyň 31-sine, şol sanda 6-syna ylymlaryň doktory we 25-sine ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejeleri berildi.

Şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlarda degişli ylmy işlerini gorap, alymlyk derejelerini alan Türkmenistanyň birnäçe alymlarynyň, ýagny ylymlaryň doktory hakyndaky resminamalarynyň 5-si we ylymlaryň kandidaty hakynda resminamalarynyň 6-sy ykrar edilip, olara alymlyk derejeleri berildi.

Çykyş eden alymlar bular barada belläp geçmek bilen ýurdumyzda ylym ulgamyny döwrebap derejede bildirilýän talaplara laýyklykda geljekde has-da ösdürmek ugrunda ähli bilimlerini-ylymlaryny, tejribelerini we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar hem-de ýurdumyzda ýetip gelen Ylymlar gününiň öňüsyrasynda özlerine gowşurylan diplomlar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýene-de okaň

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň uniwersiteti daşary ýurtly uniwersitetler bilen täze ähtnmalara gol çekdi

Türkmen talyplary «Huawei ICT Competition 2025–2026» bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldylar

Türkmenistan-ABŞ: täze bilelikdäki uniwersitet taslamalary maslahatlaşylýar

Türkmen oba hojalyk uniwersitetine «Read Japan» taslamasynyň çäklerinde kitaplar sowgat berildi