Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri başlaýar. Üç günüň dowamynda geçiriljek çäreleriň çäginde ýurdumyzyň Arkadag we Aşgabat şäherleriniň ýaşaýjylary Azerbaýjanyň baý medeni mirasy, saz sungaty we döredijilik däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimliniň ýolbaşçylygyndaky sungat ussatlaryndan ybarat uly döredijilik topary Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi.
Maksatnamada konsertler, sergiler we dürli medeni çäreler göz öňünde tutulýar. Bu taslama iki doganlyk ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmäge, şeýle hem medeni dialogyň giňelmegine hyzmat edýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti İlham Aliýewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösýär. Azerbaýjanyň Medeniýet günleri hem bu hyzmatdaşlygyň ynsanperwer we medeni ulgamdaky nobatdaky möhüm subutnamalarynyň biridir.

Azerbaýjanyň Medeniýet günleri Türkmenistanyň medeni durmuşynda şanly wakalaryň biri bolmak bilen umumy taryha, däp-dessurlara we ruhy gymmatlyklara esaslanýan iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nobatdaky subutnamasy bolar. Bu çäre halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň, medeni ýakynlygyň we ruhy baglaryň has-da güýçlenmegine goşant goşar.
