DÜNÝÄ

“BP” komapniýasy Azeri-Çyrag-Güneşli ýatagynda tebigy gaz önümçiligine başlady

1-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bakuwdaky Ekspo merkezinde geçirilýän Baku Energetika hepdeliginiň çäklerinde 31-nji “Hazar nebit we gaz” (Caspian Oil and Gas) halkara sergisiniň, 14-nji “Arassa energiýa” halkara sergisiniň hem-de 31-nji Baku energetika forumynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu dabaralara gatnaşan Beýik Britaniýanyň “BP” kompaniýasy Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki böleginde ýerleşýän Azeri-Çyrag-Güneşli (AÇG) uglewodorod kän toplumyny özleşdirmek taslamasynyň operatory hökmünde, bu ýatakda erkin tebigy gazyň çykarylyp başlanmagyna badalga berdi.

BP-Azerbaijan kompaniýasynyň habaryna görä, AÇG ýatagy dünýäniň iň iri nebit ýataklarynyň biri bolmak bilen, ilkinji gezek täjirçilik maksatly gaz önümçiligine girişdi.

“Günbatar Çyrag” platformasyndan burawlanan ilkinji çuň gatlaklardaky gaz guýusy AÇG-de ýerleşýän uly gaz gorlarynyň mümkinçiliklerini açmak ugrunda möhüm ädim boldy.

Erkin tebigy gaz önümçiligi geçen ýyl burawlanan ilkinji ulanyş guýusynda başlandy. Guýudan çykarylýan gaz we kondensat Sangaçal erminalyna ugradylar.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, AÇG-de çykaryp boljak erkin tebigy gaz gorlary takmynan 4 trillion kub fut diýlip bahalandyrylýar we bu görkeziji geljekde 6 trillion kub futa çenli artyp biler.

BP-niň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe boýunça sebit ýolbaşçysy Jo Kristofoli şeýle diýdi:

“Şu gün Azerbaýjan we AÇG hyzmatdaşlary üçin örän möhüm gün. Takmynan 30 ýyl bäri nebit öndürýän bu ýatak indi täze sahypa açyp, ýurt we maýadarlar üçin gymmatlyk döretmek mümkinçiligini saklap galýar. Nebit bilen birlikde gaz önümçiliginiň başlanmagy AÇG-ni sebitde aýratyn orna eýe bolan integrirlenen nebit-gaz ýatagyna öwürýär. Şeýle hem bu taslama Azerbaýjanyň Ýewropa energiýa üpjünçiligini artdyrmak meýilnamalaryna we energetika geçişi boýunça tagallalaryna goşant goşar.”

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy