SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» Aşgabat-Dubaý-Aşgabat hem-de Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugurlarynda 2026-njy ýylyň 1-njy iýunyna çenli uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi.

“Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat — Dubaý — Aşgabat,  Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugurlar boýunça howa gatnawlaryň 2026-njy ýylyň 1 -nji iýuna çenli togtadylýandygy barada habar berýäris” diýlip habarda beýan edilýär.

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler, ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Related posts

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Kanadada öndürilen ösümlik esasly koronasanjymy

Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleriň howpsuzlygy we hili

Ata Watan Eserleri