JEMGYÝET

Belarusyň Premýer-ministri Aşgabada geldi

Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlesine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Hormatly myhman Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, Türkmenistanyň GDA-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nazarguly Şagulyýew we beýleki resmi adamlar tarapyndan garşy alyndy.

Saparyň dowamynda myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar we onda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanper hyzmatdaşlyk meseleleri ara alanyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirilmegine garaşylýar.

Related posts

Döwlet Baştutanymyz täze atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy