Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan, Prezident köşgünde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň metbugat beýannamasyny berdi.
Mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler barada beýanat beren Prezident Ärdogan şunlary aýtdy:
– Aprel aýynda eksportymyz ýyllyk 22,3 göterim artyp, 25,4 milliard dollara ýetdi. Ýanwar-aprel döwründäki eksportymyz bolsa 88 milliard 630 million dollar boldy. 12 aýlyk eksport möçberinde ilkinji gezek 275,8 milliard dollara çykyp, Respublika taryhymyzyň rekordyny goýduk.166 ýurt we sebit bilen eksport görkezijileri ýokarlandy. 26 pudagyň ählisinde eksportda ösüş gazanyldy.
Pudaklaryň sanawynda 3,9 milliard dollar bilen awtomobil pudagy öňdeligi eýeleýän bolsa, 3,1 milliard dollar bilen himiýa önümleri ikinji; 1,8 milliard dollar bilen elektrik-elektronika üçünji; 1 milliard 451 million dollar bilen taýýar dokman önümleri dördünji boldy.
Maşgala we ýaşlar gaznasy bilen, maşgala gurmak isleýän ýaşlarymyzy 200 müňden 250 müň lira çenli möçberde pul serişdeleri bilen goldaýarys. Karzdan peýdalanan we töleg döwründe çagasy bolan ýaşlarymyz üçin ýeňillik döredipdik. Karzy yzyna gaýtarmak döwründe ilkinji çagasy bolan jübütleriň 12 aýlyk tölegini sowgat (grant) hökmünde bermäge we galan töleglerini 12 aý yza süýşürmäge karar beripdik.
Indi munuň gerimini has-da giňeldýäris. Töleg döwründe ikinji çaga hem bolan ýagdaýynda, galan tölegleriň ählisini sowgat (grant) hökmünde bagyşlarys. Ýaş maşgalalarymyz üçin ajaýyp mümkinçilik. Ministrler Kabinetiniň mejlisimizde kabul edilen kararlaryň has netijeli boljakdygyna ynam bildirýärin.
