Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.
Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi, ikinji tapgyrda bolsa 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, şol bir wagtyň özünde beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi barada giňişleýin maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işlerini dowam etmek we täze şäheriň bilim ojaklarynyň işini döwrebap guramak, şeýle hem bilim alýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi. Şunda biziň baş maksadymyz «Döwlet adam üçindir!» diýip Gahryman Arkadagymyz belledi.
