JEMGYÝET

Parahatçylygyň ýaş çaparlary: V möwsüm jemlendi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň final oýny üstünlikli geçirildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunyň temasy «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» diýlip atlandyryldy.
Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berlen V möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Möwsümiň saýlama test synagyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden mekdep okuwçylarynyň 300-den gowragy gatnaşdy. Bu bolsa akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny görkezýär.
Bäsleşigiň V möwsümi 7 sany saýlama, 2 sany ýarym final oýunlaryndan, şeýle-de jemleýji final oýnundan ybarat boldy. Bäsleşigiň final oýnuna Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa, Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Pena Şamyradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew dagy gatnaşdylar.
Bäsleşigiň final oýnuna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türksoý halkara guramasynyň Türki dünýäsiniň arhitektorlar we inženerler birleşmesiniň agzasy, Arhitektura ylymlarynyň kandidaty Oguljeren Hajyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew dagy adalatly eminlik etdiler.
Final oýny tamamlanandan soňra, institutymyzyň mejlisler zalynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine institutymyzyň degişli Diplomlary hem-de medallar, bäsleşigiň hemaýatkärleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň final oýnunyň netijeleri şeýle kesgitlendi:
3-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa;
2-nji orna Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanow;
1-nji orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow;
Baş baýraga hem-de Göçme kuboga Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Gruziýanyň ykdysadyýet ministriniň Türkmenistana sapary başlandy

Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän CARAVAN taslamasy: Türkmenistanda kontent döredijileri goldamak

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda migrasiýa boýunça halkara foruma gatnaşýar

UEFA Çempionlar Ligasy: “Arsenal” finalda “PSŽ” bilen duşuşar