Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III we şa zenany Kamilla ABŞ-a dört günlük saparyna başladylar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, Ak Tamda Patyşa Karl III Amerikanyň Prezidenti Donald Tramp we onuň ýanýoldaşy Melanýa Tramp kabul etdi.
Britaniýanyň “The Independent” gazeti bu sapary taryhy diýip atlandyrdy we Karl III-niň monarh hökmünde ABŞ-a ilkinji saparydygyny, şeýle hem 2007-nji ýyldan bäri britan monarhynyň amala aşyran ilkinji döwlet saparydygyny belledi. Mundan başga-da, bu sapar Amerikanyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna gabatlanyp guraldy.
28-nji aprelde Patyşa Karl III gatnaşmagynda birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Prezident we Patyşa maşgalasy Ak Tamyň Günorta meýdançasynda duşuşarlar. Soňra Ak Tamda resmi garşylamak dabarasy we Owal otagynda Tramp bilen Karl III-niň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk bolar.
ABŞ-nyň birinji hanymy we britan şa zenany amerika talyplar bilen duşuşar.
29-njy aprelde Patyşa maşgalasy Nýu-Ýorka ugrarlar. Saparyň soňky güni bolan 30-njy aprelde olar Arlington milli gonamçylygyna baryp görerler. Şondan soňra Karl III Bermud adalaryna ugrar — bu şol ýere amala aşyryljak ilkinji patyşalyk sapary bolar.
