Türkmenistanda maý aýynda Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ guramasynyň operasy günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Hökümet mejlisinde habasat berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu gurama türki halklaryň meşhur ýazyjylarynyň, akyldarlarynyň, şahyrlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijiligini wagyz etmekde iş alyp barýar.
Şunuň bilen baglylykda, bu gurama bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini geçirmek üçin degişli taýýarlyk işler alnyp barylýar.
