JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy babatdaky öwüt-ündewleriniň netijesinde, Pekiniň Hytaý lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde Adaty däl lukmançylyk otagy açyldy.

Şu günler Pekiniň Hytaý lukmançylyk uniwersiteti Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda bolýar. Şol saparyň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň Hytaý lukmançylyk uniwersiteti Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow hem gatnaşdy.

Şol duşuşykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň Hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda türkmen-hytaý adaty däl lukmançylyk merkezini döretmek barada özara düşünşmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň binasynda adaty däl lukmançylyk otagy açyldy. Munuň özi ýurdumyzda ilata edilýän saglyk hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek babatda möhüm ädime öwrüldi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň degişli lukmançylyk ylmy ojaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşýan goşandy üçin Pekiniň Hytaý lukmançylyk uniwersiteti Tan Çžişu Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Hormatly professory” diýen ada eýe bolmak barada çözgüt kabul edilip, şoňa laýyklykda myhmana degişli şahadatnama gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys