DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 1-3-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda «Energoprom-2026» Kazan halkara elektroenergetika forumy geçirilýär. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow ýolbaşçylyk etdi.

«Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde geçirilýän çärä Russiýa Federasiýasynyň we daşary ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, GDA agza döwletleriň energetika ministrleri, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, iri energiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy enjam öndürijiler gatnaşýarlar.

Forumyň çäklerinde ýöriteleşdirilen elektroenergetika sergisi guralyp, bu ýerde 100-den gowrak kompaniýalar döwrebap tehnologik çözgütleri, şol sanda gaz turbinalaryny we täze elektrotehnika enjamlaryny hödürleýär.

Çärä gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge, tejribe we tehnologiýalary alyşmaga, şeýle hem pudagyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän energetika giňişligini döretmäge aýratyn üns berýärler.

Mälim bolşy ýaly, iň täze tehnologiýalary we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly, Türkmenistan häzirki döwürde bu ugurda işjeň syýasaty alyp barýar. Ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar, halkara guramalary, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketleri işe girizildi.

Forumyň çäklerinde GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň barşynda energiýa ulgamlaryny utgaşdyrmak, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, sanlylaşdyrmak we energetika infrastrukturasynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.

***

2-nji aprelde elektroenergetika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika ministri bilen Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Sergeý Siwilewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-rus energetika dialogynyň geljegini – energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatyndaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, energetika ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy