Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Günüň başlangyjy ylham we täze pikirler getirer. Köp Hamallar üçin bu wagt haýal etmän durmuşa geçirmek isleýän meýilnamalary peýda bolar. Ýöne howlukmaň: maksatlara ýetmek üçin göni ýol wagtlaýynça ýapyk bolup biler, emma birnäçe sagatdan soň ýagdaýlar üýtger, içki duýgyňyz bolsa nähili öňe gitmelidigini görkezer.Garaşylmadyk ýakymly wakalar hoş habar, ajaýyp sowgat ýa-da meýilleşdirilmedik pul girdejisi bolup biler. Günüň ikinji ýarymynda üstünlik gazanmak üçin tutanýerlilik görkezmeli bolarsyňyz. Öz-özünden çözülmeýän kynçylyklar ýüze çykyp biler. Emma siz olary ýeňip geçmegiň ýoluny taparsyňyz, köne tanyşlaryňyz bolsa size höwes bilen kömek ederler. Agşamy ýakyn adamyňyz bilen geçirmek maslahat berilýär: siziň düşünişmegiňiz we goldawyňyz olar üçin örän wajyp bolar. Täze tanyşlyklary gözleýänler üçin bu gün uly üýtgeşmeler getirmese gerek.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Köp adamlar size bir sözüňizden düşünerler umuman bu gün aragatnaşyk üçin örän amatly bolar. Hatda diňe öz diýenini göni tutýan adamlar hem garaşylmadyk ýagdaýda siziň pikirleriňize we teklipleriňize gulak asarlar. Köp Sowurlar üçin ygtybarly kömekçileri tapmaga we bilelikde netijeli işläp boljak adamlary töweregine ýygnmaga mümkinçilik dörär. Dostlukly gatnaşyklaryň başlamagy şeýle hem söýgi meýilleriniň döremegi mümkindir.Günüň ikinji ýarymynda ýagdaýa arkaýyn baha bermäge we geljek barada oýlanmaga pursat bolar. Siz bolup geçýän wakalary doly görüp, hiç hili möhüm zady gözden düşürmän, nämäni birinji nobatda etmelidigini we nämäni soňa goýmalidygyny kesgitläp bilersiňiz.Şeýle hem ähli zady dogry edýändigiňize bolan ynamyňyz artar we hatda azajyk tagallalaryňyz hem görnetin netijeleri berer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün birneme binjalyk geçip biler: keýpiňiz ýygy-ýygydan üýtgep, islendik ujypsyz zat sizi rahatlykdan çykaryp biler. Işdeşleriňiz ýa-da ýakynlaryňyz bilen düşünişmezlikler, birnäçe sagatdan soň ähmiýetini ýitirjek meseleler boýunça dawalar bolup biler. Özüňiziň haklydygyňyzy subut etmek üçin güýç sarp etmän garaşyp duýgularyňyzyň köşeşmegine ýol bermek has gowudyr.Kem-kemden oňyn meýilleriň täsiri güýçlener we birnäçe sagatdan soň ruhy rahatlygyňyzy dikeltmegi başararsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda hyýaly güýç we üýtgeşik garaýyş talap edýän wezipelere üns bermek gerek. Adaty gündelik işler birneme kyn düşüp biler, emma täze pikirler ýa-da özboluşly çözgütler bilen baglanyşykly hemme zat şowly bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Gün örän şowly başlar. Köpden bäri dowam edip gelýän meseleler birin-birin çözülip başlar. Öňler diňe päsgelçilik gören ýerleriňizde tutanýerli bolsaňyz we saýlap alan ýoluňyzdan dänmeseňiz, täze mümkinçilikler açylar. Agşama çenli bitiren işleriňiziň köplügine we garaşmadyk ýeriňizde gazanan netijeleriňize özüňiz hem haýran galarsyňyz.Köp Seretanlarda diňe öz içki duýgularyna we sagdyn pähimine esaslanyp, özbaşdak hereket etmek islegi dörär. Bu ýagdaý töwerekdäkileriň göwnünden turman biler, hatda kimdir biriniň size basyş etmäge synanyşmagy hem mümkindir. Emma siz hiç kimiň göwnüne degmän, öz bähbitleriňizi goramagyň we ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary saklamagyň ýolunu taparsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda özüňizi aýamaga we aşa köp güýç sarp etmezlige çalyşyň. Ähtimal bu wagt güýç toplamak üçin size azajyk arakesme gerek bolar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün köp sanly gyzykly mümkinçilikleri açar. Irden köp Esetler öň çylşyrymly we düşnüksiz görünen meseleleriň düýp mazmunyna düşünerler. Wajyp soraglaryň jogaplary, diňe ünsüňizi jemleseňiz öz-özünden gelip başlar. Eger çynlakaýlygyňyzy saklasaňyz, ýalňyşlyklaryň öňüni alyp bilersiňiz.Täze bilimler ýeňil özleşdirilýändigi sebäpli bu gün okuw üçin şowly bolar. Günüň ikinji ýarymy netijeli geçer emma gatnaşyklarda saýlama bolmagy talap eder. Sizi sypaýyçylyk bilen goldaýan, tankytlamayan we zerurlyk bolmasa düşündiriş talap etmeýän adamlar bilen has köp wagt geçirmek gerek. Şeýle saýlama çemeleşmek güýç-kuwwatyňyzy we ruhy durnuklylygyňyzy saklamaga kömek eder.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Günüň başlangyjy birneme binjalyk bolar. Ýöne ertirki aladalar we tolgunmalar ähtimal diňe öňden ýygnanan dartgynlygyň täsiridir. Olar tiz wagtdan köşeşip ýerini rahatlyga we artýan optimizm berer. Ýagdaýyň has amatly we anyk bolýandygyny duýarsyňyz, mundan beýläk näme etmelidigine düşünmek size kyn düşmez.Günüň ortasy köp Sünbüleler üçin ýakymly duşuşyklary we gyzykly tanyşlyklary wada berýär. Bu gün tanyşjak adamlaryňyz wagtyň geçmegi bilen ygtybarly kömekçileriňize we hakyky dostlaryňyza öwrülip bilerler. Günüň ikinji ýarymy has-da şowly bolar. Pul girdejileriniň bolmagy ähtimal bähbitli şertnama baglaşmaga ýa-da şowly söwda etmäge mümkinçilik dörär. Käbir Sünbüleler öňden gelýän gyzyklanmalarynyň ýa-da hobbisiniň nähili hakyky girdeji getirip biljekdigine düşünerler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Size ähli zadyň şowly boljak günleriň biri garaşýar. Ertirden başlap ýakymly ýeňillik duýarsyňyz: düýn çylşyrymly görünen köp soraglar öz-özünden, siziň isleýşiňiz ýaly çözülip başlar. Şeýle hem köne tanyşlaryňyz garaşylmadyk ýagdaýda özlerini ýatladarlar. Jaň habar ýa-da tötänleýin duşuşyk sizi örän begendirer. Şeýle hem iş wezipelerini çözmegi ep-esli ýeňilleşdirjek wajyp habarlary ýa-da täze maglumatlary alyp bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymy syýahatlar we saparlar üçin amatly bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Gün gyzykly, wakalara baý we garaşylmadyk derejede gowy geçer. Meýilnamalary üýtgetmek, täze wezipelere geçmek we golaýda çylşyrymly görünen zatlary öwrenmek gerek bolar. Başga birini bu ýagdaý gaharlandyryp bilerdi, ýöne siz ýyldyzlaryň täze bir zat taýýarlandygyna düşünerisiz we ruhy göteriliş duýarsyňyz.Adatdan daşary duşuşyklaryň bolmagy ähtimal. Şeýle hem işde uly ösüş gazanyp bilersiňiz. Garaşylmadyk öwrümler öňler adaty gündelik iş hasaplaýan ýeriňizde täze mümkinçilikleri görmäge ýol açar. Maliýe meseleleri ýüze çykan ýagdaýynda, olar garaşylmadyk derejede şowly çözüler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Günüň başlangyjy we ortasy birnäçe ýakymly bolmadyk pursatlary getirip biler. Şeýle pursatlarda rahatlygy saklamak kyn bolar emma kynçylyklaryň wagtlaýyndygyny, päsgelçilikleriň bolsa ýeňip geçip bolýandygyny ýatda saklamak möhümdir.Esasy zat başlan işiňizi taşlamazlyk. Siziň tagallalaryňyz, häzir netijesiz ýaly görünse-de hökman gerekli netijäni berer. Agşama çenli birnäçe wajyp meseleleri şol sanda maliýe meselelerini çözmek başardar. Ähli zadyň çözülşi sizi kanagatlandyrar we özüňizi has erkin hem-de ynamly duýarsyňyz.Ýakynlaryňyz bilen aragatnaşykda seresap bolmak maslahat berilýär. Jedellerden gaça durmaga we dartgynlygy ýumşatmaga çalyşyň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Nähili işe başlasaňyz-da bu gün seresaply hereket etmelidigiňizi ýatda saklaň. Uly we köp güýç talap edýän taslamalar şeýle hem täze bir zada başlamak üçin bu gün amatly gün däl. Güýç-kuwwatyňyzy öňden başlanan işleriňize parahatçylykly tamamlamaga gönükdirmek has gowudyr. Eger bitirilmedik işleri soňa goýsaňyz solara gaýdyp gelmek we netije gazanmak has kyn bolar.Pul bilen baglanyşykly meselelerde howlukmak gerek däl. Gereksiz çykdajylar oýlanşyksyz söwdalar ýa-da töwekgelçilikli ädimler artykmaç ýitgilere getirip biler. Güniň ikinji ýarymy ýakyn adamlaryňyza aýratyn üns beriň. Olar siziň goldawyňyza garaşyşyňyzdan hem has köp mätäçdirler. Mümkin garyndaşlaryňyzyň ýa-da dostlaryňyzyň birine siziň maslahatyňyz gerek bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Size asuda we ýakymly gün garaşýar. Bu gün uly öwrülişikler ýa-da işlerde ägirt uly ösüşler bolmaz ýöne ýoluňyzda hiç hili päsgelçilik hem döremez.Şeýle hem sizi dostlaryňyz we beýleki ýakyn adamlaryňyz bilen aragatnaşyk begendirer. Hiç hili üýtgeşik zat oýlap tapmasaňyz-da, ýöne bile bolup, gündelik işler ýa-da umumy gyzyklanmalar barada gürleşseňiz hem wagtyňyz hoş geçer. Şeýle pursatlar soňky döwürde ruhdan düşen Daluwlara oňyn täsir eder.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Gün islegiňiz ýaly ýeňil başlamaz. Irden ownuk düşünişmezlikler, garaşylmadyk bökdençlikler we meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli boljak meseleler ýüze çykyp biler. Käbir zatlar garaşyşyňyzdan başgaça bolar, garaşmadyk ýeriňizde päsgelçilikler dörär. Ýöne öňünden gynanmak gerek däl: kynçylyklary çalt ýeňip geçmek başardar. Günüň ortasyna çenli ýagdaý durnuklaşar we siz ýitiren wagtyňyzyň öwezini çalt dolup, adaty depginňize gaýdyp gelersiňiz.Günüň ikinji ýarymy ýakymly wakalary getirer. Hoş habarlar keýpiňizi göterer we ähli zadyň şowly boljakdygyna bolan ynamyňyzy artdyrar. Bu wagt dostlar bilen duşuşmak gyzykly adamlaryň arasynda bolup biljek çärelere gatnaşmak üçin amatly wagtdyr. Ýakymly tanyşlyklaryň bolmagy we söýgi meýilleriniň döremegi mümkindir. Aragatnaşykda başlangyç görkezmekden çekinmäň.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
