TEHNOLOGIÝA

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Internet gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Her ýyl dünýä boýunça interneti işjeň ulanýan adamlaryň sany artýar. Ulanyjylaryň sany ilatyň sany bilen bagly bolsa-da, köp ýurtlarda millionlarça, käte onlarça million ýaşaýjy henizem internete girip bilmeýär.

Iň köp ulanyjy Hytaýda hasaba alyndy — takmynan 1,296 milliard. Ol ýerde ilatyň 91,6%-i internetden peýdalanýar.

Hindistan — dünýäde iň köp ilatly ýurt — umumy ulanyjylaryň sany boýunça ikinji ýerde durýar. Ol ýerde 1,027 milliard adam internet ulanýar, bu bolsa ilatyň umumy sanynyň takmynan 70%-ine deňdir.

Ilkinji bäşlige şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Indoneziýa we Braziliýa girýär. ABŞ-da ilatyň 93%-den gowragy internet ulanýar, Indoneziýada — 80%-den gowragy, Braziliýada — 86%-den gowragy.

Russiýa altynjy orny eýeledi. Bu ýerde ilatyň 94,4%-i internet ulanýar.

Pakistan we Nigeriýa ýaly ýurtlar hem ulanyjylaryň sany boýunça umumy sanawda bar. Şeýle-de bolsa, bu ýurtlarda internet ulanýanlaryň paýy bary-ýogy 45%-den biraz ýokarydyr.

Related posts

Smartfon arkaly infeksiýa geçip biler

Noutbuk önümçiligini bes eder

Çagalary synlamak üçin akylly lampalar