DÜNÝÄ

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda 2027-nji ýylyň 19-nji marty – 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem 2027-nji ýylyň dowamynda geçiriljek «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagyny utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň baş komissariat hökmünde bellenendigi barada habar berildi.

Ýapon tarapy Türkmenistanyň bu halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmak meýilleri üçin minnetdarlygy beýan etdi hem-de guramaçy assosiasiýanyň ýurdumyzyň bu çärä üstünlikli gatnaşmagy üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy