SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Azerbaýjan Respublikasyna syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi.

Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Habar berlişi ýaly, portalyň türkmen dilinde işe girizilmegi elektron wiza üçin ýüz tutma prosesini Türkmenistanyň raýatlary üçin has amatly we elýeterli etmek maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Jemgyýete hyzmat we Sosial Innowasiýalar boýunça Döwlet Agentligi (ASAN) we Azerbaýjan Respublikasynyň Turkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary “ASAN Viza” portalyna https://www.evisa.gov.az/tk/ salgysy arkaly girip, beýleki diller bilen birlikde türkmen dilinde hem elektron wiza üçin ýüz tutup bilerler.

 

Resminamalaryň tejrimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy