DÜNÝÄ

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Birnäçe gün bäri göwünlere şatlyk bolup siňýän Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabaralary 8-nji mart gününde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda dowam etdi. Ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlarynyň hormatyna guralan baýramçylyk dabarasy baharyň ajaýyp gününe täze öwüşgin çaýdy.

Baýramçylyk dabarasyna mährem eneler, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän zenanlar, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň zenanlary gatnaşdylar.

Kümüş saçly enelerimize, gülden görkli gelin-gyzlarymyza bagyşlanan baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda ene mukaddesligi, zenan gözelligi, bagtyýar durmuşymyz, ösüşli-özgerişli zamanamyz belentden wasp edildi.

Related posts

Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygy ösdüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

ABŞ-Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görülýär